TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Miwe kişdeleri melhemdir jana

Miweleriň ähli görnüşleri biziň saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde lukmanlar häli-şindi ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän miwedir-bakja önümlerini ýygy-ýygydan iýmegi maslahat berýärler. Olaryň diňe bir ter görnüşleri däl-de, eýsem, guradylan kişde görnüşleri hem biziň saglygymyza üçin peýdalydyr. Gadyrly okyjylar ynha biz hem guradylan kişde önümleri bilen bagly käbir gyzykly maglumatlary gündelik metbugatda çap edilip size ýetirilýän lukmanlaryň maslahatlaryna salgylanyp, size ýetirmegi makul bildik.

Guradylan üzümde — kişmişde kaliý örän köpdür, şonuň üçin ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Gadymy döwürleriň lukmanlary «gaharybasyjy» hökmünde kişmişi iýmegiň peýdalydygyny tassyklapdyrlar we ony sähel zada gahary gelýänleriň, gaharjaň adamlaryň iýmitine goşmagy maslahat beripdirler. Häzirki zaman barlaglaryň netijesinde, kişmişiň hakykatdan hem nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýandygy bellenilýär. Üsgürme, demgysma halatynda ýarym käse kişmişi suwda ezmeli we ony ýatylmazdan öň içmeli. Sesiň gyrlan halatynda iki nahar çemçe möçberde kişmişi bir bulgur suwly gapakly gapda haýal ýanýan otda 10 minut gaýnatmaly. Soňra oňa bir çemçe sogan suwuny goşmaly we kabul etmeli.

Dem alyş ýollaryndaky mäzleriň işjeňligini artdyrmak üçin 100 gram kişmişi bir bulgur suwda 10 minutlap gaýnatmaly we gaýnadylan tagamy ýarym bulgurdan günde üç-dört gezek içmeli.

Erik kişdesi ýürek agyrysyndan ejir çekýänler üçin oňat serişdedir. Onda ýüregiň kadaly işlemegine täsir edýän örän köp mukdarda kaliý bar. Şonuň üçin erigiň kişdesini ýürek agyrydan ejir çekýänler iýmit hem derman hökmünde peýdalanýarlar.

Ýürek agyrydan ejir çekýänler üçin bu peýdaly iýmişi we hozuň maňzyny et üwelýänden geçirip garyşdyrmak we garyndynyň birnäçe çemçesini günde kabul etmek maslahat berilýär. Jany sag, aýratyn hem fiziki zähmet bilen meşgullanýan adamlara ýüreginiň kadaly işlemegi üçin hem peýdaly. Erigiň kişdesi garalynyň miwesi ýaly aşgazan-içege ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, içegäni arassalaýar we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar. Içegäniň gatap içiň ýöremedik ýagdaýynda suwa ezilen erik kişdesiniň 100 gramyny günde iýmek maslahat berilýär. Infarkt geçiren näsaglara öz iýmitinde erik kişdesini ulanmak peýdaly.

Bu önümiň peşew çykaryjy dermanlary ulanýan näsaglara-da nepi uludyr. Erik kişdesi 50 göterime çenli şekeriň dürli görnüşini özünde saklaýanlygy üçin süýjüli diabetden ejir çekýänler üçin ony yzygiderli iýmek maslahat berilmeýär.

Injir — gan damarlarynda ganyň goýalmagy bilen emele gelýän kesellerde, ýürek-damar ulgamynyň näsazlygynda, aýratyn hem aritmiýada, demgysmada, peşew çykaryjy serişde hökmünde we sowuklama garşy ulanmak peýdaly. Injir dezinfisirleýji häsiýete eýe bolup, ol içegedäki zyýanly maddalary hem ýok edýär. Agyr syrkawlygy geçireniňden soň, ajöze injir bilen badamy (mindali) bile iýseň nepi örän uludyr. Ol bedende iýmit maddalarynyň oňat özleşdirilmegine kömek edýär.

Injir kişdesi gury üsgülewükde hem peýdalanylýar. Injir kişdeleriniň 200 gramyny gaýnap duran süýde goşmaly we soňra ony süzgüçden geçirmeli, günde 3-4 gezek ýyly görnüşinde ýarym bulgurdan içmeli. Alymlaryň soňky geçiren barlaglarynda injir kişdesiniň täze döremelere garşy durmaga ukyplylygy bellenildi.

Garaly düzüminde uly mukdarda karotin we pektin bar. Karotin adam bedeninde A witaminini emele getirýär. Bu witamin ýokanç kesellere, bakteriýalara garşy göreşýär, görejiňi ýiteldýär. Pektin maddalary bolsa içegäniň işleýşini gowulandyrýar. Içegä gelip gowuşýan ýa-da onda emele gelýän zäherli maddalary aradan aýyrýar. Şonuň üçin garaly guragyry, böwrek, bagyr, aşgazan-içege kesellerinde peýdalydyr.

Bu miwe önümi biziň bedenimizdäki maddalaryň alyş-çalşygyny kadalaşdyrýar. Garalynyň kişdesi erkin radikallary siňdirmegiň täsir galdyryjy ukybyna eýedir. Ol iýmit siňdirişe oňyn täsir edýär, üstesine içegäni arassalaýar we işjeňleşdirýär. Onuň üçin garalynyň 5-6 kişdesini agşam bir bulgur sowuk suwda ezmeli, soňra ir bilen ajöze taýýar bolan şerbetini içmeli. Suwda ezilen garaly kişdelerini iýmek maslahat berilýär. Şugundyr bilen garalynyň kişdesinden gyrlyp taýýarlanan iýmit hem melhemdir.

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle