TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ministrler we pudak ýolbaşçylary 1 aý dynç alarlar

Türkmenistanyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç almaga rugsat berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda edilen işleriň netijeleri boýunça öňümizdäki şenbe, ýekşenbe we duşenbe günleri maslahatlary geçirmegi tabşyrdy we ýolbaşçylara 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berýändigini aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer A.Ýazmyradowyň we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň pagta ýygymyndan soň dynç alyp biljekdiklerini aýtdy.

 

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasy kabul edildi

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň doglan güni ÝUNESKO tarapyndan bellener

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”:Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy

Teswirle