TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere seredildi.

Gazanylan üstünlikler barada…

  • Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim ýokarlandy.
  • Ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanşygynyň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilendir, 19,3 göterim, daşary söwda dolanşygynyň möçberi bolsa 3,8 göterim artdy.
  • Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 3,2 milliard manat, çykdajy bölegi bolsa 2,6 milliard manat möçberinde ýerine ýetirildi.
  • Iri we orta kärhanalar boýunça ortaça aýlyk zähmet haky 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullar we talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.
  • Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli desgalaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
  • Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 8,7 göterime barabar boldy.
  • Dokma senagaty ministrligi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,1 göterim ýokarlandy.
  • Bu görkeziji «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde 22,6 göterime deň boldy.
  • Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe birža söwdalarynyň 42-si geçirilip, 5 müňden gowrak şertnama baglaşyldy, şolaryň köpüsi eksport-import amallary boýunça baglaşyldy.
  • Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 64,9 göterim artdy, girdeji 96,7 göterim köpeldi.
  • Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda senagat önümleriniň öndürilişi 11 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 2,1 esse artdy.
  • Milli Liderimiz şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şolaryň ýurdumyzyň depginli ösüşine şaýatlyk edýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümiň görkezijisi 6,3 göterim möçberde saklanyp galýar. Bu ösüş depgini oba hojalygynda 3,1 göterim boldy. Söwda ulgamy 11,1 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagy 10 göterim ösdi.
  • Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň gurluşygy giň gerim bilen dowam edýär. Şolaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr. Gurluşyk işleriniň umumy bahasynyň 16 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberini Türkmenistanyň gurluşyk-gurnama edaralarynyň ýerine ýetirýändigi bizi aýratyn guwandyrýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle