TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Ministrler Kabinetiniň mejlisi: Günebakar Ýagy Öndüriler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirildi. Onda ýurdumyzyň içerki we daşary syýasatyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän ugurlary babatda hasabat bilen çykyş etdiler. Syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigi mälim edildi.

DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de BMG-niň ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda Meýletin milli synyň taýýarlanylyşy boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda özara hereketleriň binýadyny döretmek göz öňünde tutulýar. Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak babatda degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu taslamany 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow telekeçilik ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bu ugurda ýurdumyzda ösümlik ýagynyň öndürilişi babatda edilýän işler mälim edildi. “Gündogar akymy” hem-de “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan ekologiýa taýdan arassa günebakar ýagyny öndürmek boýunça zawodlar gurulýar. Bu kärhanalarda her ýylda jemi 24 müň tonna ýag we guşçulyk toplumyna zerur iým öndüriler. Bu desgalary geljek ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde 2019-njy ýylda günebakar ekilýän ekerançylyk meýdanlaryny 5000 gektar giňeltmek meýilleşdirilýär.

ULAG BOÝUNÇA HALKARA MASLAHATY

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew, şu ýylyň 28-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara ulag maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Maslahata dünýäniň köp ýurtlaryndan hünärmenleriň, şol sanda ulag kompaniýalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Maksatnama laýyklykda, maslahatyň işi iki plenar mejlisinden ybarat bolup, “Halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde döwletara hyzmatdaşlygyň orny”, “Ulag-üstaşyr geçelgesiniň işjeňleşdirilmeginde logistika kompaniýalarynyň ähmiýeti”, “Infrastruktura we ulag mümkinçilikleri”, “Multimodal daşamalar hem-de onuň dolandyrylmagy” ýaly mowzuklar boýunça pikir alyşmalar guralar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda sergi geçiriler.

SYÝAHATÇYLYK PUDAGYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň garamagynda döwlet syýahatçylyk kärhanalarynyň 7-si hem-de hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň 16-sy hereket edýär, şolaryň işleri türkmenistanlylary we daşary ýurtly myhmanlary baý milli mirasymyz hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän 2018-nji ýyl türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna täzeçe baha bermäge, ýurdumyzyň taryhy we tebigy ajaýyplyklaryny giňden wagyz etmek esasynda içerki we daşarky syýahatçylyk ugurlary boýunça işleri işjeňleşdirmäge mümkinçilikleri açdy.

Ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini daşary ýurtlarda giňden wagyz etmek hem-de daşary ýurtlara syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň internet-saýtlary peýdalanylýar.

Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň we Ispaniýanyň iri syýahatçylyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen syýahatçylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikler geçirildi.

Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň, şeýle hem Syýahatçylyk ýolbeletleriniň birleşikleriniň Bütindünýä federasiýasynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda täze açylan ugurlarda syýahatçylyk ýolbeletlerini taýýarlamak boýunça okuwlar geçirilýär, okuwlary tamamlanlara halkara güwänamalar gowşurylar.

Merkezi Aziýada sebitiň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň 15-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen 17-nji ministrler maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň “JICA” arasynda iki ýurduň syýahatçylyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek babatynda gepleşikler geçirildi. Ýapon tarapy “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýän okuwlary dowam etmek, şonuň çäginde syýahatçylyga aýratyn üns bermek hem-de Ýaponiýada iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň duşuşygyny guramak baradaky teklibi beýan etdi.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň işlenip taýýarlanylýan maksatnamasyna sanly syýahatçylygy girizmek üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýolbaşçylary HHR-iň Başlygyna gynanç bildirdi

Eýranyň energetika ministriniň Aşgabada sapary

Teswirle