Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy.
ÝANWAR-IÝUL AÝLARYNDA GAZANYLAN NETIJELER
- Şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,1 göterim derejesinde boldy
- Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy.
- 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim ýokarlandy.
- Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 39 göterim ýokarlandy.
- Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,4 milliard manada deň boldy.
- Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 172 birža söwdasy geçirilip, 21 müň 92 şertnama hasaba alyndy.
- Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe sergileriň 11-si hem-de maslahatlaryň 33-si geçirildi.
- Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 167,9 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.