JEMGYÝET

Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyna täze orunbasar bellendi. Gurluşyk, senagat we elektrik energetikasy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine Çarymyrat Purçekow bellendi.

Ç.Purçekow Türkmenistanyň energetika ministri wezipesinden boşadyldy. Milli Liderimiz Purçekowa energetika ministri wezipesi üçin mynasyp dalaşgär görkezmegi tabşyrdy.

MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARLYGY WEZIPESI ÝATYRYLDY

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa ulgamlaryna ýolbaşçylyk edýän orunbasarlygy wezipesini ýatyrdy. Şoňa laýyklykda bu wezipäni eýelän B.Öwezow wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýa agentligi döredilip, onuň ýolbaşçysy wezipesine hem ozal içeri işler ministri wezipesinde işlän Mämmethan Çakyýew bellendi.

 

Ş. Durdylyýew wise-premýer wezipesinden boşadyldy

Ýene-de okaň

Özbegistan Prezidenti Türkmenistandaky foruma ýokary baha berdi

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Gyrgyzystanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistana geldi

Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime edilen goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Türkmenistan-Mongoliýa: howa gatnawlary hakynda ylalaşyga gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri