TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Milli ykdysadyýetiň ösüşli ýoly

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da be­ýik ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň kün­jek­le­rin­de tä­ze bi­na­lar, des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga be­ril­di. Mu­nuň özi «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­my­zyň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni, ösüş­le­riň aý­dyň ýo­lun­dan ynam­ly öňe bar­ýan­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär.

«Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy» üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

23-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len Döw­let Mas­la­ha­tyn­da hem ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri, be­lent üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di.

Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler, il­kin­ji no­bat­da, hal­kyň bäh­bi­di­ni, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ösü­şi­ni na­za­ra al­ýar. Şun­da san­ly ul­ga­my ös­dür­mek, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy ul­ga­my­na müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek we hä­zir­ki za­ma­nyň ba­zar ul­ga­my­ny giň­den or­naş­dyr­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Hu­su­sy ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri has-da giň­dir we şun­da se­na­gat­da, san­ly ul­ga­my ös­dür­mek­de mö­hüm ugur­la­ra üns ber­mek bol­ýar. Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ha­ryt­la­ry ön­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek hu­su­sy ul­ga­myň pa­ýy­na düş­ýär. Şo­nuň üçin hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de te­le­ke­çi­li­ge uly üns be­ril­ýär. Oba ho­ja­ly­gyn­da hem te­le­ke­çi­ler mi­we­çi­lik, üzüm­çi­lik ýa­ly ugur­la­ry yzy­gi­der ös­dür­ýär­ler.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz ýene bir täze derejä göterilýär. Pudaklaryň ählisinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlary köpçülikleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň täze modelini has kämilleşdirýär. Hut sanly ulgamyň hasabyna dolandyryş işleri sazlaşykly ýöredilip ugraldy. Ilat üçin sanly ulgamyň hyzmatlarynyň möçberi artýar. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin ähli serişdeleriň we mümkinçilikleriň has doly derejede herekete girizilmegi gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen elektron we ylmy ulgamy özleşdirmegiň, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň meseleleri hem oňyn çözülýär.

Hut şonuň netijesinde öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň diňe bir mukdary artman, hili hem gowulanýar, elýeterli nyrhlar emele gelýär, ýaşaýyş-durmuş amatlylyklary köpelýär. Milli ykdysadyýetimizi has hem ösdürmek, ilatyň harytlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi goşmaça iş ýerlerini döretmäge hem ýardam berýär.

Ýurdumyzyň diňe bir dokmaçylyk pudagynda hereket edýän döwrebap kärhanalaryň 70-den gowragynyň goýberýän ýokary hilli önümleri içerki bazar bilen çäklenilmän, eýsem, dünýäniň çar ýanyna eksporta hem iberilýär.

Aýhan Maşadow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we in1enerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle