Ýurdumyzda eksporta gönükdirilen we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, çig maly gaýtadan işleýän pudaklar, ýagny himiýa, nebitgaz himiýasy, maşyn gurluşygy, metal işlemek, dokma, azyk senagaty hem-de beýleki pudaklar çalt depginler bilen ösýär. Senagat önümleriniň möçberleri ep-esli artýar, ýerli önümçiligiň hasabyna içerki bazaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi has-da ýokarlanýar, sebitlerde täze kärhanalar gurulýar, halkara we milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň ygtybarly girewidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüş gazanylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudagyny sanlylaşdyrmagyň we innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda täze ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň geçen alty aýynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan netijeleriň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan mälim bolşy ýaly, ýanwar — iýun aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji 6,2 göterim ýokarlandy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim artdy.
Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
Milli ykdysadyýetiň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet maksatnamalarynda bellenen ähli çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýakyn geljekde ýurdumyzda ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bu konsepsiýanyň jemleýji — üçünji tapgyry durmuşa geçirilip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmek, gerimini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek, elektron senagaty döretmek bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Leýla Ödäýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.