SIZDEN GELENLER

Milli ykdysadyýetimiz innowasion ösüş ýolunda

Milli ykdysadyýetimizi innowasion ýol bilen ösdürmek şu günüň we geljegiň zerur talabydyr. Sebäbi, dünýäniň diňe tehnologiki taýdan ösen ýurtlarynyň harytlary halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan oba hojalygyny bazar şertlerine laýyklykda ösdürmek babatyndaky agrar syýasatynyň özeninde, bu pudagyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini halkyň abadan we bolçulykda ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanmak we ösen ýurtlar bilen bäsleşip biljek agrar önümçiligi döretmekden ybarat bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny innowasion ösüş ýoly bilen ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy.

Kabul edilen milli Maksatnamalara laýyklykda ýurtda häzirki zaman oba hojalyk ilatly nokatlary ýa-da täze görnüşli agrar şäherçeler döredilýär. Bu şäherçeler zerur bolan ähli durmuş-inženerçilik, ýaşaýyş jaý, kommunikasiýa, söwda, hyzmat ediş, medeni, bilim, saglygy goraýyş we ş.m. infrastrukturalara eýedir. Bu infrastruktura tassyklanan durmuş kadalaryna laýyk gelip, olary ösen ýurtlaryň görkezijileri bilen deňeşdirmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümçiligini ähli taraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuň oýlanyşykly strategiýasy bu ulgamyň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär. Soňky ýyllaryň dowamynda bäsdeşligiň ýokarlandyrylmagyna, oba hojalygynyň we obasenagat toplumynyň beýleki ulgamlarynyň tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Obada täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek, dürli hojalyk edaralarynyň arasynda bäsdeşlik ýagdaýyny döretmek, ýer-suw serişdelerini tygşytly we başarnykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, agrar ylmyny, tohumçylygy ösdürmek, innowasiýany, menejmentiň we bazary öwrenişiň täze öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, durmuş meselelerini çözmek oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde amala aşyrylýan giň möçberli möhüm işlerdir.

Häzirki wagtda iri we orta ululykdaky oba hojalyk harytlaryny öndüriji kärhanalarynyň birnäçesi telekeçiligiň mehanizmlerini doly özleşdirip, kämil özgertmeleriň netijesi bolan şeýle hojalyklar häzirki wagtda durnukly işläp başladylar. Olar önümçiligiň we haryt ýerleşdirmegiň ýokary möçberlerini üpjün edip, iş ýüzünde öz-özüňi ödemek hem-de öz-özüňi maliýeleşdirmek ýörelgelerine laýyklykda hereket edýärler.

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda innowasion önümçiligiň depginli ýola goýulmagynyň ösdürilmeginiň esasy strategiki şertleri we ugurlary gaýragoýulmasyz, özara baglanyşykly makro we mikro ykdysady çözgütleri talap edýär. Şonuň ýaly esasy çäreleriň hatarynda ylmy barlaglaryň we işläp düzmeleriň maksatlaýyn düýpli we amaly maksatnamalarynyň toplumlaryny ýerine ýetirýän oba hojalyk ylmynyň bolmagy zerurdyr.

Türkmen alymlarynyň işlemeginde pagtanyň, dänäniň, miweli baglaryň, bakja ekinleriniň, ýer almanyň ýokary hasyl berýän sortlarynyň, mallaryň ýokary öndürijilikli tohumlarynyň döredilendigine ylym şaýatdyr. Şeýle hem öndürijilikli we netijeli işlemäge mümkinçilik berýän ykdysady işläp düzmeleriň hem bardygyny kanagatlanmak bilen bellemek bolar. Bu örän möhümdir, sebäbi ylmyň öňdebaryjy netijeleri ýuwaş-ýuwaşdan, ýokary tehnologiýalaryň özleşdirilmegi netijesinde önümçilige öwrülýär. Eýýäm birnäçe ýyl mundan ozal diňe ylma degişli bolan zatlaryň, häzirki wagtda umumy iş netijeleridigi hiç kim üçin gizlin däldir.

Milli ykdysadyýetimiziň we oba hojalyk önümçiliginiň innowasion ösüşini ýakyn geljekde netijeli amala aşyrmak üçin sebitleriň we pudaklaryň özboluşly aýratynlyklary, daýhanlaryň, çäkleriň we tutuş döwletiň bähbitleri jikme-jik nazarda tutulýar. Ýurdumyzyň ýagty geljegi bolup durýan obasenagat pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmekde ilkinji orun, ýokary bilimli oba hojalykçy hünärmenlere, döwür bilen deň gadam urýan alymlara, ýeriň tabyny kemsiz bilýän alym agronomlara, daýhançylyk kesbine wepaly edermen oba zähmetkeşlerine baglydyr.

Şeýle parahatlyk, agzybirlik bilen başy başlanan işleriň rowaçlanmagy bolsa, ahyrky netijede, ýurdumyzyň eýýäm ýakyn ýyllarda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerine bolan garaşsyzlygyny üpjün etmäge öz goşandyny goşar.

Maral NAZAROWA,

                                         S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.

 

 

Birleşen Arap Emirlikler :Abraýly ýokary okuw mekdepleri 2022

Ýene-de okaň

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary