TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Milli synçylar bellige alyndy

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, milli parlament Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy. Şeýlelikde, Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçirmek bellenildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden badalga alan saýlaw möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Soňky ýyllarda saýlawlaryň geçirilişine syn etmegiň demokratik ýörelgelerini halkara kadalara laýyklykda has-da berkitmek arkaly jemgyýetçilik durmuşynda halk häkimiýetliliginiň dabaralanmagyny gazanmak milli synçylaryň esasy üns berýän taraplarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegini gazanmak maksady bilen, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan milli synçylaryň häzirki wagta çenli 436-sy welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Synçylaryň 83-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 60-sy Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 72-si Agrar partiýa, ýene şonçasy Kärdeşler arkalaşyklary, 66-sy Zenanlar birleşigi, 67-si Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, 16-sy raýatlar toparlary tarapyndan bellenendir. Synçylara olaryň ygtyýarlyklaryny ykrar edýän şahsyýetnama gowşuryldy. Möwsümiň dowamynda bellige alnan dalaşgärleriň hem milli synçylary bellemäge hukugy bardyr.

Ýurdumyzda dürli derejeli demokratik saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy maddasynyň 31-nji bendine laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýanynda milli synçylar bilen işlemek boýunça iş topary döredildi. Toparyň düzümine Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary we bu edaranyň hünärmenleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi guramalarynyň jogapkär işgärleri girýär. Iş toparyna girýän agzalar merkezi toparyň geçirýän ähli mejlisine yzygiderli gatnaşýar we onda kabul edilýän kararlar hem-de çözgütler bilen aýanlyk şertlerinde tanyşýar.

Bular barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni Maksatmyrat Geldiýewiň “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda bellenilip geçilýär.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýty dörediler

Ata Watan Eserleri

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi indiki hepde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentine goşun generaly harby adynyň nyşany gowşuryldy

Teswirle