TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Milli mirasymyzy öwrenmek ― Zenanlaryň üns merkezinde

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Gender deňligi — demokratiýanyň binýatlaýyn esaslarynyň biri. Onuň durmuşyň ähli ugurlarynda höweslendirilmegi ýaşaýyş hiliniň ýokarlanmagyna amatly şertleri döredýär. Onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birini düzýär.[1]

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda zenanlara uly sarpa goýulýar, olaryň jemgyýetde tutýan mynasyp ornuny has-da berkitmek babatda döwletli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan gender syýasaty aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda, zenanlar ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda hem tutanýerli zähmet çekip, ylmyň ösdürilmegine-de mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmen halky owal-ahyrda-da gelin-gyzlara, zenanlara uly sylag-sarpa goýupdyr. Muňa halkymyzyň geçmiş taryhy dogrusyndaky ýazgylar, türkmen topragyna gelip gören özge ülkeli syýahatçylardyr jahankeşdeleriň galdyran ýatlamalary, ýolýazgylary doly şaýatlyk edýär. Olar öz eserlerinde türkmenlerde zenan sarpasynyň belent tutulýandygyny, aýallaryň jemgyýetçilik durmuşyna, hatda döwleti, jemagaty dolandyrmak işlerine hem gatnaşýandyklaryny belläpdirler. Bu taryhy tejribe Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli dowam etdirilýär.

Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak hem-de ony döwlet tarapyndan üpjün etmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-parasata ýugrulan syýasaty zenanlaryň ýokary durmuş, ykdysady we zähmet işjeňligini şertlendirýär. Ýurdumyzyň kanunçylygy aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri kepillendirilýär. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny we deň mümkinçiliklerini üpjün etmegiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ol ýurdumyzda gender syýasatyny işjeňleşdirmekde, gender deňligini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kabul edilen “Türkmenistanda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça hereket etmegiň milli Meýilnamasy” üstünlikli amala aşyrylýar.

Bu günki gün zenanlar ylmyň ähli ugurlarynda yhlasly zähmet çekýärler. Aslynda, şöhratly taryhymyza ser salsak, ylym-bilimiň, edebiýatyň ösmegine goşant goşan şahsyýetleriň arasynda zenanlar hem köpdür. Olardan Soltan Sanjaryň köşgünde şahyrçylyk eden Mohestäni, XV asyrda ýaşan Mähri hatyny we beýlekileri agzamak bolar. Geçen asyrda hem özleriniň ylmy-barlag işleri bilen meşhurlyk gazanyp, akademigiň donuny geýenleriň arasynda zenanlar köp.

Häzirki wagtda zenan alymlar tutanýerli zähmet çekmek bilen, halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý geçmiş-taryhyny, medeni mirasyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny ylmy esasda öwrenmäge-de mynasyp goşant goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda bu babatda degişli işler alnyp barylýar.

Institutyň öňünde durýan baş wezipe taryh, arheologiýa, etnografiýa we antropologiýa ylmynyň wajyp we möhüm meselelerini öwrenmekden, bu babatda ylmy-barlag işlerini alyp barmakdan ybaratdyr. Bu wezipeleri iş ýüzünde amal etmek üçin häzirki wagtda institutda ylmy bölümleriň 4-si hereket edýär. Hususan-da, gadymy we orta asyrlar taryhy, täze we Garaşsyzlyk döwürleriniň taryhy, etnografiýa hem-de arheologiýa bölümlerinde halkymyzyň baý-geçmiş taryhynyň syly sahypalary, onuň dünýä medeniýetiniň baýlaşmagyna goşan goşandy ylmy esasda düýpli öwrenilýär.

Institutymyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerinde “Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan”, “Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan”, “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň 2018-2023-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyndan” ugur alynýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň maddy we ruhy gymmatlyklarymyza degişli “Ahalteke bedewleri – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi”, “Türkmen alabaýy”, “Ile döwlet geler bolsa…”, “Türkmen medeniýeti”, “Medeniýet halkyň kalbydyr” ýaly dürdäne kitaplary biziň üçin gymmatly gollanmadyr, ylmy-barlaglarymyzyň usulyýet esasydyr.

Institutymyzyň etnografiýa bölüminde türkmen halkynyň maddy we ruhy däp-dessurlarynyň, milli ýörelgeleriniň, mukaddes ýerleriniň, egin-eşik, öý-hojalyk goşlarynyň, aşhana tejribeleriniň, durmuşy we hojalygy ýöretmegiň halky adatlarynyň, zenan el işleriniň, halyçylyk, keçeçilik we zergärçilik sungatlarynyň, ussaçylygyň dürli görnüşleri, aýdym-saz sungaty, seýisçilik hünäri, daýhançylyk, maldarçylyk medeniýetleriniň, senetçiligiň häzirki döwürdäki aýratynlyklary ylmy taýdan öwrenilýär. Bölümiň işgärleri tarapyndan Türkmenistanyň dürli künjeklerine ylmy-etnografik ekspedisiýalar guralyp, ata-babalarymyzdan gelýän ruhy hem maddy medeniýetiň üýtgewsiz saklanyşy hem özgerişi, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş däpleriniň häzirki zaman aýratynlyklary öwrenilip, täze maglumatlar ylmy dolanyşyga girizilýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň başynda degişli hünärmenlerden, alymlardan ýörite ylmy toparlar düzülip, olar ýurdumyzyň dürli sebitlerine ylmy saparlara ugradyldy. Olaryň arasynda biziň institutymyzyň alymlarydyr ylmy işgärleri hem bar. Ylmy saparyň dowamynda il arasyndan halk döredijiliginiň dürdäneleri hasaplanylýan nakyllar, matallar, sanawaçlar… ýygnalyp alyndy. Şonuň ýaly-da, halkymyzyň milli däp-dessurlary, edim-gylymlary, köpasyrlyk mirasy dogrusyndaky maglumatlar toplanyldy we ylmy esasda seljerildi.

Halkyň taryhyndan, däp-dessurlaryndan habar berýän etnografik gymmatlyklaryň birnäçesi institutymyzdaky muzeýde saklanylýar. Bu ýerde türkmenleriň adaty zähmet gurallaryndan başlap, egin-eşikleri, haly we haly önümleri, durmuşda peýdalanan beýleki önümleri saklanylýar. Bu gymmatlyklary ylmy esasda seljerip, düýpli öwrenmek, olar barada ylmy makalalary, işleri, monografiýalary taýýarlamak we neşir etdirmek, milli mirasymyzy wagyz-nesihat etmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen halkara ylmy gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belleýär. Şundan ugur alyp, biziň Taryh we arheologiýa institutymyz Germaniýanyň Arheologiýa institutynyň Ýewraziýa bölümi, Rumyniýanyň Akademiýasy we Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň taryh jemgyýeti, şeýle hem Belarusuň, Çehiýanyň, Hindistanyň, Päkistanyň, Eýranyň, ABŞ-nyň, Angliýanyň we Italiýanyň taryh, arheologiýa, etnografiýa we antropologiýa institutlary, uniwersitetleri we ylmy merkezleri bilen bilelikde ylmy-barlag we hünärmen kämilleşdirmek işleri göz öňünde tutýar. Halkara ylmy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ol ýurtlardaky türkmen taryhyna degişli maglumatlary has-da içgin özleşdirmäge we seljermäge, bilelikdäki ylmy-barlag işleri alyp barmaga ýardam berýär.

 

Bahar MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa institutynyň

uly ylmy işgäri

[1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda. – Aşgabat, 2017.

Ýene-de okaň

Bıtaraplyk- bagtymyz

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle