Milli Liderimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tarapyndan Stambul uniwersitetiniň Jerrahpaşa hünärment ýokary mekdebinde milli Liderimiziň gymmatly eserine bagyşlanan dabara gurnaldy.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli guralan bu dabara iki ýurduň milli senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlandy.

Soňra dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi I.Amanlyýewiň, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky başkonsuly M.Seýitmämmedowyň, Çanakkale 18 Mart uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Sedat Muratyň, stambul uniwersitetiniň Jarrehpaşa HAYEF-iň wekili Prof. Dr. Yıldız Kojasawaş, Türk dünýäsiniň raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Halit Kanak, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutyndan Merdan Baýjanow, Marmara toparynyň strategiki we jemgyýetçilik gözleg gaznasynyň wise-prezidenti Sezgin Bilgiç, Stambul uniwersitetiniň Jerrahpaşa rektory Dr. Nuri Aýdyn dagy çykyş etdiler.

Okap bilersiňiz  Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň okyjylary türkmen halkynyň medeni aýratynlyklary we baý ruhy dünýäsi bilen tanyşdyrýan bu eseriniň özboluşlylygy barada bellediler. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary barada hem durlup geçildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutyndan Merdan Baýjanow dabara onlaýn gatnaşyp, öz çykyşyny etdi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary onlaýn görnüşinde gatnaşdylar.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Türkiýäniň Prezidenti milli Liderimizi YHG-niň sammitine çagyrdy