TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Milli Liderimiz: Türkiýe Türkmenistan üçin doganlyk döwlet

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Täýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwletdigini nygtap, bu döwlet bilen özara gatnaşyklarda uzakmöhetleýin strategik häsiýetiň mahsusdygyny belledi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar häzirki wagtda köp asyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň döwletara gatnaşyklarynyň mundna beýläk hem pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

iň ýokary derejede syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köp ugurly hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara goldawyň ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyklar ösdürilýär.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini belläp, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegiň wajypdygyny aýratyn nygtadylar.

Ynsanperwer ulgam hem döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryny birleşdirýän taryhy, medeni we ruhy umumylyk bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda taraplaryň ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasyna bolan hüjümi ýazgardy

Baş Redaktor

Türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

Teswirle