TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Milli Liderimiz Russiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Russiýa Federasiýasynyň ynamly durmuş-ykdysady ösüşi, döwlet gurluşynyň we halkara giňişliginde at-abraýynyň yzygiderli berkidilmegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglydyr” diýip, milli Liderimiz gutlag hatynda nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, türkmen-russiýa strategik we dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge Prezident Wladimir Putiniň berýän ünsüni we uly goşandyny aýratyn belledi.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris. Türkmen-russiýa döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine gyşarnyksyz pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys” diýlip, gutlag hatynda aýdylýar.

Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglygyny, bagtyýarlygy we maşgala abadançylygyny, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

Ýene-de okaň

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Farap we Döwletli etrap häkimlikleri ýatyryldy

Baş Redaktor

Daşoguz welaýatynda ady üýtgedilen we ýatyrylan etraplar

Baş Redaktor

Teswirle