TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY

Milli Liderimiz Gökdepe metjidinde «Akgoýun toý» sadakasyny berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli Gökdepe metjidinde «Akgoýun toý» sadakasyny berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gökdepe metjidine gelip, ilki bu ýerde şanly waka mynasybetli guralan dabara gatnaşýan ýaşulular bilen bolan gürrüňdeşlikde olaryň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly ýaşulular milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni, 63 ýaşynyň dolmagy — pygamber ýaşyna ýetmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadag Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, asylly işleriň rowaç almagynyň bähbidine durmuşa geçirýän özgertmelerinde uly üstünlik arzuw etdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz metjide girdi. Bu ýerde Beýik Biribardan türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bitewüliginiň berkarar bolmagy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa jan saglyk, uzak ömür, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan köptaraply işlerinde täze üstünlikler dileg edilip, aýat okaldy.

Soňra toý sadakasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize yslam dünýäsinde mukaddes künjek saýylýan Mekgeden ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtüge ylahy gymmatlyk hökmünde tagzym etdiler.

Soňra milli Liderimiz sadaka berilýän bina girdi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly däp-dessurlary we häzirki döwürde ýeten derejesi hakynda döreden kitaplarynyň galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna toý sadakasyny berdi.

Milli Liderimiz halkymyzda 63 ýaşa uly hormat goýulýandygyny belläp, onuň Muhammet pygamberiň ýaşan ömri bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şu pursatda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini okady:

«Jepa çekip, yslam dinin düzdüler,

Altmyş üç ýaşynda geçdi Muhammet».

Halkymyz bu ýaşa aýratyn ähmiýet berip, 63 ýaşa ýeten adama durmuş tejribeli, ýaşuly adam hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamyň şol ýaşa çenli kän synaglardan geçip, ýagşy-ýamany seljermäge, haýryň-şeriň parhyny bilmäge ukyplydygyny we durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýändigini belledi.

 

Asylly däbe görä, türkmen halkynda bu ýaşa ýeten adamlar Beýik Biribara hoşallyk hökmünde toý sadakasyny berýär. Ol «Akgoýun» sadakasy diýlip atlandyrylýar. Halk pähimine laýyklykda, «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlen jümle bar. Şeýlelikde, «Akgoýun toý» sadakasyny geçirmek ynsanyň hoşniýetli gatnaşyklaryny aňladýan ak zat bilen baglanyşykly bolup durýar. Pygamber ýaşyna ýetip, men bu senäni, ýagny, “Ak goýun toý” sadakasyny mukaddes Gökdepe metjidinde geçirmegi makul bildim diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň keşbiniň gün-günden özgerýändigini aýtdy. Paýtagtymyzda, welaýatlarda we etraplarda ajaýyp desgalar, zawodlar, kärhanalar, medeni-durmuş toplumlary, amatly ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar yzygiderli gurulýar. Şunlukda, ähli tagallalar halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilýär.

Asylly däbe görä, ymam tebärek çykdy. Soňra hormatly Prezidentimiziň 63 ýaşynyň dolmagy mynasybetli guralýan «Akgoýun toý» sadakasyna gatnaşyjylara dürli tagamlar çekildi. Tagam dadylandan soň, aýat-töwür okaldy. Sadaka berlenden soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan Gökdepe metjidine awtoulag sowgat berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

Dostlukly gatnaşyklara uzaýan ýollar

Türkmenistan – iri energetika döwleti

Sankt-Peterburg türkmen talyplaryna garaşýar

Garaşsyzlyk ýyllarynyň rowaçly üstünlikleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan baýramçylyk konserti

Tatarystanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Ýaşlar ýurduň geljegi : Baýragyň gutly bolsun!

Baş Redaktor

Teswirle