TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Milli Liderimiz GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu günki mejlisine, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Parlamentiň ýolbaşçysy Talant Mamytow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine şu ýyl bilelikde amala aşyrylan işleriň netijelerine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de GDA ýurtlarynyň dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesini kabul etmäge degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde eden çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

-Däp bolşy ýaly, ýylyň ahyrynda biz GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işimiziň jemini jemleýäris, geljek döwür üçin iş barada pikir alyşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mälim bolan, bize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, GDA ýurtlaryna meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň aglabasyny geçirmegiň başardandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet Baştutanlarynyň, daşary işler ministrleriniň Geňeşleriniň, Ykdysady Geňeşiň mejlisleriniň geçirilendigini mysal hökmünde görkezdi. Olaryň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklarymyzyň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de möhüm resminamalar kabul edildi. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň strategiýasyny aýratyn belledi.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we kommunikasiýa, senagat kooperasiýasy, söwda, innowasiýalar we tehnologiýalar ýaly ugurlaryň görkezilendigi bellärliklidir.

Hususan-da, bu ugurlar boýunça Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň, bu ýerde Dünýä ummanyna göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň gatnaşmagynda döwrebap utgaşykly logistika ulgamyny döretmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuny hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi.

Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, geçip barýan ýylyň koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň nyşany astynda geçip, GDA ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamlary üçin uly synaga öwrülendigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine bu ählumumy meseläni çözmäge uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi Russiýanyň Lideriniň halkara giňişliginde abraýyny artdyrdy.

-Pandemiýa garşy göreşmegiň hem-de onuň netijelerini aradan aýyrmagyň öňümizdäki döwründe şu ýörelgelerden ugur almalydygymyza ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu babatda biziň ýurdumyzyň BMG-de ylmy-lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň gurallaryny ýola goýmak, ýöriteleşdirilen halkara merkezlerini döretmek boýunça teklip eden anyk çärelerine içgin garalmagyna bil baglaýarys. Şol merkezlerde howply wirus ýokançlaryna garşy durmagyň iň täze usullary we tejribeleri taýýarlanylyp bilnerdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyl Aşgabatda parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we GDA ýurtlarynyň Liderlerini bu Foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemlemek bilen, Özbegistana 2020-nji ýylda GDA-da başarnykly başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de geljek ýyl başlyklygy kabul edýän Belarus Respublikasyna üstünlikleri arzuw etdi.

Mejlisiň jemleri boýunça ylalaşylan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

  • Şolaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak hakyndaky çözgüt;
  • 2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakyndaky çözgüt;
  • Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt;
  • Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt;
  • 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky çözgüt;
  • Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň we medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly Milletara aragatnaşyklaryň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt bar.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Türkmenistanly lukmanlar Türkiýede ejir çekenlere kömek berýär

Özbegistan Türkmenistana “Tiz kömek” awtoulaglaryny iberdi

Teswirle