TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halk maslahatyň agzalygyna näçe agza saýlanyp bilýär?

“Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna käbir üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň üýtgeýän 77-nji maddasyna laýyklykda  Türkmenistanyň Milli Geňeşi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Milli Geňeşi iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybaratdyr. Bellemeli zat,  Konstitusion kanun 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

Konstitutsiýamyzyň üýtgeýän 78-nji maddasyna görä,  Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz wekil agzalyga saýlanýar. Olary saýlamagyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.

Halk maslahatynyň agzalygyna bildirilýän talaplar

Halk Maslahatynyň düzümine 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp we bellenip bilner. Türkmenistanyň her bir eks-prezidenti Halk Maslahatynyň agzasy bolup durýar, eger ol bu hukugy ulanmakdan ýüz döndermedik bolsa.

Mejlisiň Deputatlary üçin bildirilýän talaplar

Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça saýlanýarlar. Mejlisiň deputatlygyna 25 ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp bilner.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl.

Şol bir adam bir wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň agzasy we deputaty bolup bilmez.

Degişli habarlar:

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

Ýene-de okaň

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni

Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakmak hakynda

Baş Redaktor

Teswirle