TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Milli demokratiýanyň aýdyň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda abadan ertirine barýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda raýat jemgyýetimizde möhüm wakalar bolup geçýär. Şu ýylyň wajyp syýasy wakalarynyň birem guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarydyr.

Üstümizdäki ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlarda saýlawçylar Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlaryna hem-de Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň mynasyplaryna öz seslerini berdiler. Bu möhüm syýasy çäre welaýatymyzyň etraplarynda we şäherlerinde işjeň ýagdaýda geçirilip, saýlawlara öz wagtynda görlen ykjam taýýarlyk bu çäräni guramaçylykly geçirmäge mümkinçilik berdi.

Ir säherden baýramçylyk görnüşde bezelen saýlaw uçastoklary köp adamly boldy. Ýaşuly nesliň wekilleriniň göreldesine eýeren ýaş saýlawçylar özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý edip, mynasyp hasaplan dalaşgärlerine seslerini berdiler.

Halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň wekillerinden ybarat bolan halkara synçylarynyň 80-den gowragy, şeýle-de ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary we dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň jemi 2 müň 855-si saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine syn etdiler. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, şeýle-de degişli döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň halkara synçylary saýlawlaryň taýýarlyk işleri, ses bermegiň geçişi bilen ýakyndan tanyşdylar. Halkara synçylar saýlawlaryň geçirilişine ýokary baha berip, olara saýlawçylaryň örän işjeň gatnaşandyklaryny bellediler.

Her bir raýatyň ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm syýasy-jemgyýetçilik çärä işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin saýlaw toparlarynyň agzalary tarapyndan ähli zerur tagallalar edildi. Ýarawsyzlygy sebäpli ses berilýän ýere özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylaryň öýünde ses bermegine mümkinçilik döredildi. Saýlawlar gününe çenli 18 ýaşyny dolduryp, ilkinji gezek ses beren ýaş saýlawçylaryň 76 müňe golaýyna ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Saýlawlar güni Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky degişli saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişi sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň «saylav.gov.tm» web-saýtynda görkezildi. Milli habar beriş serişdelerinde hem saýlawlaryň geçişi halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirildi.

 

Şirinaý Nazarowa,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Bilim – kämillige ýol we üstünligiň açary

Magtymguly-ynsan köňlüniň çyragy

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Teswirle