TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Mihail Gorbaçýow aradan çykdy

SSSR-iň birinji Prezidenti Mihail Gorbaçýow 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berdi.

Mihail Gorbaçýow SSSR-iň birinji we ýeke-täk Prezidentidir. Ol 6 ýyl ýurdy dolandyryp, ýurdy hem-de dünýäni üýtgeden döwlet adamy hökmünde taryha girdi.

Düýnäniň taryhyna reformator ýolbaşçy hökmünde giren Mihail Gorbaçýow 1985-nji ýylda sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň (KPSS) baş sekretarlygyna saýlanandan soňra öwrülişikleri amala aşyryp başlady. Ol soňra SSSR-iň Ýokary Geňeşiniň ýolbaşçysy boldy. Şonda prezident wezipesini girizmegi we Konstitusiýada partiýanyň dolandyryş roly hakyndaky maddany ýatyrmak barada teklip bilen ýüzlenen ýolbaşçydyr.

Dünýäniň köp ýurdunyň dillerinde Gorbaçýowyň “täzeden gurma” (перестройка) we “açyklyk” (гласность) sözleri öz ornuny aldy. Gorbaçýowyň esasy başlamak ýaly ýörelgesi köp ýurduň goldawyna mynasyp boldy.

Gorbaçýow syýasatdan gidenden soň hem resmi däl ýagdaýda dünýäniň liderleriniň klubynyň doly hukukly agzasy bolup galan rus syýasatçylarynyň biridir. Ol ABŞ-nyň ozalky Prezidentleri Ronald Reýgan, Jorj Buş, Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer-ministri Margaret Tetçer, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ozalky Kansleri Gelmut Kol we beýleki köp sanly ýolbaşçylar bilen gowy gatnaşyklar saklan ýolbaşçydyr.

Gorbaçýew 1990-njy ýylda parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny gazandy. Mundan başga-da, ol syýasy durmuşynda 300-den gowrak döwlet we jemgyýetçilik baýraklaryna, diplomlaryna, hormat hatlaryna we medallara mynasyp hasap edildi.

Mihail Gorbaçýowyň aradan çykandygy sebäpli köp sanly döwlet we syýasy ýolbaşçylar özleriniň gynanjyny bildirýärler. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş bu barada beren beýanatynda: “Taryhyň ugruny üýtgeden lider” hökmünde belläp geçdi.

Mihail Gorbaçýow 1931-nji ýylyň 2-nji martynda dünýä indi. Ol 1955-nji ýylda M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetini tamamlady.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Teswirle