DÜNÝÄ

Migrasiýa ulgamyndaky türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi we onuň özara düşünişmek hem-de birek-biregi goldamak häsiýete eýedigi barada bellenildi.
Taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de iki dostlukly halkyň bähbidine işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene-de okaň

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy