JEMGYÝET

Migrasiýa bilen baglanşykly käbir soraglara jogaplar

Sorag: Hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan gitmek üçin raýatlaryň arzalaryna garamagyň möhleti näçe?

Hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan gitmek üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalaryna garamagyň möhleti üç aýdan geçmeli däldir.

Sorag: Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnama näçe möhlet bilen resmileşdirilip berilýär?

Ýaşamak üçin ygtyýarnama daşary ýurt raýatlaryna, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmäge hukuk berýän resminamalarynyň möhletine laýyklykda bäş ýyla çenli möhlet bilen berilýär.

Sorag: Haýsy halatlarda adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner?

Eger-de

1)  Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmegi hem hormatlamagy özüne borç edinse;

2)  Türkmenistanyň döwlet dilini  gep alyşmagyň  çäklerinde bilýän bolsa;

3)   soňky 7 ýylyň içinde Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýeri bar bolsa;

4)   Türkmenistanyň  çäginde gün-güzeran görmeginiň  kanuny çeşmesi bar bolsa

Sorag: Hususy çakylygy almak üçin tölegiň möçberi?

Adaty tertipde 50 manat,gyssagly tertipde 100 manat.

 

Migrasiýa bilen baglanşykly beýleki habarlarymyzy okamak üçin :

 

Migrasiýa Gullugy : Bäş Sorag- Bäş Jogap

http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTI5Ng==

 

Migrasiýa Gullugyndan: Köp Soralýan Soraglara Jogaplar

http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTI4Nw==

 

Migrasiýa Gullugyndan Daşary ýurtlarda okaýan talyplara

http://www.atavatan-turkmenistan.com/news_details.php?news_id=MTI4MA==

 

Habarlaşmak üçin

Atavatan Danışmanlık LTD

Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul

E: Mail Adres : tercume@atavatan-turkmenistan.com   

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

Ýene-de okaň

COP-28 sammiti: dünýä döwletleriniň başlangyçlary

Putin Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul eder

Türkmenistanyň Prezidentiniň COP-28 mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezi başlangyjyny öňe sürýär

Türkmenistan teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýar