TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Microsoft Word” indi sesi tekste öwürer

Tehnologiýanyň barha pajarlap ösýän zamanasynda gündelik işlerimiz has-da aňsatlaşýar. Ynha biziň iň köp ulanýan “Microsoft Word” programmasynyň onlaýn görnüşi hem sesi awtomatik şekilde tekste öwürmek ukybyna eýe boldy. “Microsoft” kompaniýasy tarapyndan çykarylan bu programma ähli ugurlarda diýen ýaly giňden ulanylýar. Ýazuw programmasy bolan “Microsoft Word” täze goşulan aýratynlygy ulanyjylaryň sanyny has-da artdyrar.

“Microsoft Word” programmasynyň onlaýn görnüşine goşulan täze aýratynlyk bilen ulanyjylar ozal ýazylan gepleşikleri ýa-da dowam edýän çykyşy şol wagt tekste öwrüp biler. Kompaniýa bu aýratynlygy esasanda söhbetdeşlikleri geçirýän žurnalistleriň, topar işini ýazga almak isleýän talyplaryň we gözlegçileriň, şeýle hem resmi däl çekeleşikleri ýazga almak isleýän telekeçileriň işlerini aňsatlaşdyrmak maksady bilen döretdi.

Programmanyň täze aýratynlygy diňe “Microsoft 365” abonentleri üçin elýeterlidir. Mundan başga-da programma häzirlikçe diňe “Microsoft Word” programmasynyň onlaýn görnüşinde “Microsoft Edge” ýa-da “Chrome” brauzeri bilen işleýär. Häzirki wagtda diňe iňlis dilinde ýola goýlan bu aýratynlyk, ýakyn wagtda beýleki diller üçin hem elýeterli bolar.

Täze aýratynlygy nähili ulanmaly?

“Microsoft Word” programmasynyň onlaýn görnüşinde ilki bilen “Transkripsiýa” basyň. Ondan soňra programmanyň gapdal açylýan panelini ulanyp, häzirki ses ýazgy aýratynlygyny ýazga alynan ýa-da MP3, WAV, M4A we MP4  şekilde ýüklenen ses faýllary tekste öwrüp bilersiňiz. Ýüklenen ses faýllarynyň göwrümi iň köp 200MB we aýda 300 minut bilen çäklendirilýär. Şeýle-de bolsa, içindäki ses ýazgy aýratynlygy bilen ýazylan ses faýllarynyň çägi ýok.

“Microsoft” kompaniýasy bu aýratynlygyny 2020-nji ýylyň ahyryna çenli “Word” programmasynyň “iOS” we “Android” görnüşinde hem elýeterleşdirmegi meýilleşdirýär.

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle