TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Grossmeýster adyna eýe bolan türkmen küştçisi

Türkmen küştçisi Meýlis Annaberdiýew küştde iň ýokary ada – “Grossmeýster” derejesine eýe boldy. Bu baradaky çözgüt Abu – Dabi şäherinde şu ýylyň aprel aýynda  FIDE – niň Geňeşiniň 1-nji mejlisinde kabul edildi. Ýaş küştçi, türkmen grossmeýster Meýlis Annaberdiýewiň gatnaşmagyndaky soňky ýaryşlaryň netijeleri hasaba alynmanda häzirki wagtdaky derejesi 2507 utuk bolup, türkmen küştçileriniň arasynda iň ýokary utuk bolup durýar. Türkmen küştçüsi, grossmeýster Meýlis Annaberdiýew uly üstünlige eýe boldy.

Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen Küşt federasiýasynyň Başkent uniwersiteti bilen bilelikde guran V – nji halkara açyk küşt ýaryşyna 7 döwletden we Türkiýäniň 44 welaýatyndan 600 – e golaý küştçi gatnaşyp, olar 6 derejede çykyş etdiler we türkmen küştçüsi, grossmeýster Meýlis Annaberdiýew kümüş medalyny gazandy. Bu ýerde iň güýçli oýunlary özünde jemlän “A” derejede geçen bäsleşikde mümkin bolan 9 utugyň 8 – sini gazanan azerbeýjanly küştçi Wugar Rasulow halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ol FIDE – niň reýtinginde 2458 utuk jemledi. Meýlis Annaberdiýew bolsa 6,5 utuk toplamagy başardy. Bu netije onuň halkara ýaryşda ikinji orny eýelemegine getirdi.

Şeýlelikde, türkmen küştçisi grossmeýster Meýlis Annaberdiýew   FIDE – niň reýtinginde 2484 utuga eýelik edýärdi. Türkiýeli küştçi Umyt Gündiziň utuklary hem türkmen küştçisi Meýlis Annaberdiýewiňki bilen deň boldy. Goşmaça görkezijileriň türkmen küştçisi Meýlis Annaberdiýewiň tarapynda bolmagy netijesinde türk küştçisi üçünji orna düşdi. 6 utuk gazanan  türkmen küştçileriň ýene biri Saparmyrat Atabaýew dördünji basgançakda ýagny, orunda galdy.

Türkmen küştçüsi, grossmeýster Meýlis Annaberdiýew, Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen Küşt federasiýasynyň Başkent uniwersiteti bilen bilelikde guran V – nji halkara açyk küşt ýaryşyna gatnaşyp kümüş medalyny gazanyp,  “Küşt oýnamagy – adamyň ýadyny ösdürmegiň ygtybarly usuly hasaplaýaryn we bu oýun çylşyrymly meseleleri çözmäge, täze pikirleri orta atmaga hem ýardam  berýär” – diýip, özüniň manyly we paýhasly aýdan sözi bilen ýaşlara aýdan sözi bilen tamamlady.

Maksat Bezirgenow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle