TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Metjitler we zyýarathanalardaky çäklendirme möhleti

Türkmenistanda sebitdäki we dünýädäki epidemiologik ýagdaý göz öňünde tutulyp, metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmegini, zyýarathanalarda sadaka bermegini, zyýarat etmegini çäklendirme möhleti uzadyldy. Munuň 2020-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli uzaldylandygy mälim edildi. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda dini guramalarda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen şu ýylyň iýul aýyndan bäri çäklendirmeler dowam edýär.

Ozal habar berişimiz ýaly, otly we şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli, halkara uçar gatnawlary 31-nji oktýabra çenli çäklendirildi.

Bellemeli zat, Türkmenistanda dellekhana we tikinçilik kärhanalarynyň işiniň ähmiýetini göz öňünde tutup, olaryň işine 1-nji noýabra çenli rugsat bermek göz öňünde tutuldy.

Saýtymyza bugün ýerleşdiren habarymyzdan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň  Russiýadaky, Ukrainadaky hem-de Germaniýadaky  raýatlary ýurdumyza gelerler. Şeýle hem saýtymyza  oktýabr aýynyň birinji on günlüginde Azerbaýjandaky türkmen raýatlary parom arkaly we Gazagystan Respublikasynda wagtlaýyn bolýan raýatlarymyzyň 50-si “Garabogaz” gözegçilik-geçiriş nokadyndan öýlerine gaýdyp gelerler diýip habar ýerleşdiripdik.

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Halkara uçar gatnawlary baradaky habarlary we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder

 

Ýene-de okaň

Dünýäde 150 million dozadan gowrak “Sputnik V” sanjymy ulanyldy

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Teswirle