TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Metallurgiýa kremnisiniň önümçiligi ýola goýlar

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýerli çig mallaryň esasynda metallurgiýa kremnisiniň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu ministrlik baý minerallaryň we çig malyň esasynda senagat pudagyny ösdürmek boýunça birbada birnäçe taslamanyň üstünde işleýär.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Diýarymyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklar üçin degişli önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhanada öndürilýän demriň düzüminiň hilini hem-de berkligini üpjün etmek maksady bilen, zerur himiki goşundylar goşulýar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Köpetdag sebitinde ýerleşýän «Mäne» ýatagyndan alynýan kwars çäge daşyny we demir gyryndylaryny hem-de nebit koksuny ulanmak arkaly himiki goşundyny öndürmek boýunça tejribe-synag işlerini geçirdi we oňyn netijeleri aldy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň agyr senagatyny ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň örän wajypdygyny aýtdy hem-de ýerli çig malyň esasynda uly isleg bildirilýän gurluşyk önümlerini öndürmegi mundan beýläk-de içgin öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň baý peýdaly gazylyp alynýan baýlyklarynyň köp sanly ýataklaryny öwrenmegiň we barlamagyň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geljekde ýerli serişdeleriň senagat taýdan işjeň özleşdirilmegi hem-de täze önümçilikleriň ýola goýulmagy Diýarymyzda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmaga hem kömek eder. Munuň özi gurluşyk pudagynyň okgunly ösmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.

Bu babatda aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz täze önümleriň «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýörite barlaghanasynda degişli synagdan geçirilmelidigini hem-de bildirilýän talaplara we hil ölçeglerine doly laýyk gelmelidigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistana 163 tonna alma eksport etdi

Özbegistan Türkmenistandan satyn alýan elektrik togunyň möçberini artdyrdy

Azerbaýjandan gelen telekeçi dokma önümlerini satyn aldy

Teswirle