TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Metal senedinde maldarçylygyň bezeg görnüşinde şöhlelendirlişi

Türkmen halkynyň metaldan ýasalan  zatlary çeper bezemek arkaly,  gözelligi beýan etmeklik däbi amaly- haşam sungatynda has gadymy döwürlerde ýüze çykypdyr. Adamlar ilki-ilkiler metaldan gündelik durmuşda has zerur bolan iş gurallaryny, monjuklar, temençeler, bizler, pyçaklar ýasapdyr. Bular Türkmenistanyň Köpetdag eteginde  ýerleşen Garadepe Namazgadepe we Göksüýri medeni oturymlaryndan tapylypdyr[1].

B.e.öňki III-II  müňýyllyklarda metaldan, aýratyn hem, bürünçden ýasalan zatlaryň sanawy has giňelip, çeper metal senedi ýüze çykypdyr. Çeper  metal senedinde, bürünç bilen bir hatarda altyn,  kümüş ýaly gymmat  bahaly metallar ulanylyp başlanýar. Oňa mysal edip, Altyndepe tapyndylaryndaky janly- jandarlaryň şekilleri çekilen möhürleri, öküziň we möjegiň gymmat we ýarym gymmatbahaly  daşlar bilen bezelen kellelerini[2], gadymy Marguş  ýurdunuň paýtagty Goňurdepeden tapylan öküziň, göläniň, keýigiň heýkeljiklerini  we dürli hyýaly haýwanlaryň şekilleri içinde oturdylan möhürleri  görkezmek bolar. Gadymy döwürde we irki orta asyrlarda  çeper metal sungaty has-da ösüpdir. Bu döwürde ýakyn we orta Gündogarda köp halklary özüne birleşdirýän Ahemenileriň, Isgender Zülkarneýiniň, Ärsaglaryň, Kuşanlaryň, Sasanylaryň şadöwletleri yzly yzyna  hökmirowanlyk edýärler. Şalaryň, soltanlaryň, ýerli hökümdarlaryň, han-begleriň köşklerinde,  barly adamlaryň- köşk emeldarlarynyň, serkerdeleriň, baý täjirleriň öýlerinde, gymmatbahaly metaldan ýasalan nepis bezelen harytlary, gap-gaçlary ulanmaklyk däbe öwrilipdir. Mysal üçin, “Tabarystanyň taryhy” diýen eserinde  bir begzadanyň öz öýüne 500 sany mertebeli  adamlary myhmançylyga çagyryp, olaryň hersiniň öňünde horaz görnişinde  ýasalan altyn gaby goýandygy barada  gürrüň edilýär. Meşhur şahyr Firdöwsiniň “Şanamasynda” hem Jemşidiň genji- hazynasyndaky öküz, sülgün, tawus ýaly guş görnüşli altyn gap-gaçlar barada ýatlanýar[3].Çeper metal sungatynyň taryhynyň irki asyrlaryna degişli eserleri häzirki döwürde dünýäniň dürli muzeýlerinde saklanylýar. Olardan Amyderýa hazynasyndan b.e.öňki  V-IV asyrlara degişli, dört at goşulan arabanyň altyndan ýasalan  nusgasyny, uçlary ýolbars göwreli, bürgüt ganatly, goç kelleli hyýaly jandaryň şeklindäki ýasalan altyn bilezigi, Hemedandan tapylan, ýolbarsyň we dag goçlarynyň şekilleri bilen bezelen, tutawajy altyndan bolan gylyjy, ganatly ýolbars hem-de inçejik altyn symlar bilen nagyşlanan jereniň kellesiniň şeklindäki altyndan ýasalan bulgurlary, Suzy şäherinden tapylan b.e.öňki III-I asyrlara degişli, aşaky ujy haýwan  (mümkin owlajyk) görnüşinde bejerlen kümiş bulgurlary we gaplaňyň  şekili ýerleşdirilen süýrigylt nebit çyrasyny, Parfiýa begzadalarynyň bürünçden ýasalan heýkelini we ysly otlar ýakylýan gözenekli bürünç gabyň, itiň göwresine çalymdaş  ýasalan tutawajyny, kümişden, bürünçden guýlup ýasalan, ýüzi dürli nagyşlar bilen çeper bezelen, käbirlerine altyn çaýylan bürgidiň, atly esgeriň suw perisiniň, ýolbars göwreli, bürgüt ganatly hyýaly jandaryň grifon, (ýarym adam, ýarym at) görnüşli jandaryň (kentawr),  Nusaýdan tapylan şekillerini, bir tarapyna sugunyň şekili çekilen  aýnany, b.e.ö. IV-VII asyrlary bilen senelenýän, çeper bezelen uýanyna altyn çaýylyp, kümişden guýma usulynda ýasalan atyň kellesini, möjek kellesini, gaplaň göwreli hyýaly jandaryň şekili çekilen kümüş  mejimäni, ýekegapany dag goçlaryny, ýolbars awlaýyşlaryny görkezýän sahnajyklar bilen bezelen kümiş mejimeleri, Tyllalydepeden (d,g Owganystan) Kuşan şalarynyň guburlaryndan çykarylan, altyndan ýasalan ýokary derejeli sungat eserlerini görkezmek bolar.

Şasenem galasynda (Daşoguz welaýaty)  arheologiýa gazuw agtaryş işleri geçirlende XII asyra degişli gatlakdan bürünçden bejerilen, we oňat saklanyp galan, uly bolmadyk gazan saklanyp galypdyr[4]. Göwimi aşaklygyna kem-kemden giňelip gidýän bu gazanyň ýokary erňegine  iki sany gulajyk seplenip, olara ýarym aýlaw, ýaý şekilli tutawaçjyk ildirlipir. Gazanyň beýikligi 15 sm  ýokary erňegini diametri 16 sm. Gazanyň göwresi erňeginden düýbine çenili dürli giňlikdäki  üç guşaga bölinipdir. Arap hatynyň  nasyh usulynda  haşamlanyp bejerilen  ýokarky guşaklygynda gazanyň  eýesine ”şöhrat we üssünlik, bagt we saglyk, beýiklik we  abadançylyk hem-de  Hudaýyň mährini” dileg etýän ýazgy  ýerleşdirlipdir. Şar görnişli göwresi erňeginde düýbine çenli köp sanly guşaklyklaryna bölinip, olar epigrafik, zowomorf we antrapamorf  häsýetli nagyşlar, haýwanlaryň we adamlaryň durmuşy bilen bagly sahnajyklar bilen haşamlanyp bezelipdir.[5]

Şährislamdan tapylan  gazanyň ( beýikligi 15 sm, diametri 16 sm) hem ýüzi örän baý haşamlanyp bezelipdir. Onuň erňeginiň aşagyndan geçýän guşaklaryň birinde epigrafik häsýetli nagyş, beýlekisinde ösümilik nagyşlarynyň arasyndaky aýal kelleli hyýaly  guşuň we bir-birleriniň yzyndan barýan gaplaňyň, aw tazysynyň we  towşanyň  şekilleri  ýerleşdirlipdir.[6]

XI-XII asyrlaryň çeper metal senedine naz-nygmatlary, ir-iýmişleri saçaga äbermek üçin ulanylan giň göwrümli ýapyk merjimeleri we  jamlary ýasamaklyga hem uly uns berlipdir. Şeýle  merjimeleriň biri Daňdanakan galasyndaky gazuw- agtaryş işleri döwrinde  tapylypdyr. Onuň göwresine bäş sany tegelek guşak aýlanyp, olaryň arasy dürli nagyşlar bilen  kaşaň bezelipdir. Merjimäniň merkezinde  ýerleşen diametri 9 sm, bolan birinji aýlawda, ýüzine kümiş çaýylan altyburç ýyldyz, ýedi sany kiçi göwrimli tegelek we ýarym tegelek ýerleşdirlip, olar bir-birleri bilen halkajyklar arkaly birikdirlipdir. Ikinji aýlawynda bolsa kufa ýazgysyndaky saglyk döwletlilik we  bagtlylyk diýilýän hoşniýetli arzuwlar ýazylypdyr. Üçinji guşaklyk haýwanlaryň dabaraly ýörişine bagyşlanypdyr. Şonuň ýaly tegelek merjime orta asyr Harak şäherçesinden hem tapylyp, onuň ortaky tegelek aýlawynda  ösümlik nagyşlarynyň arasynda  sag aýagyny ýokarrak galdyryp duran adam kelleli ýolbarsyň şekili bar. Şeýle merjimeler Murgap derýasynyň orta akymynda ýerleşen Daşlylaň depesinden hem tapylypdyr[7].

Mundan başga-da jamlar gündelik durmuşda ulanylypdyr. Şoňa göräde, olary köp mukdarda ýasapdyrlar. Şeýle jamlaryň birnäçesi köne Sarahsdan tapylypdyr.[8]

Jamlaryň ýasy düýbi, ýokarlugyna daralýan diwary we birneme daşyna giňelýän kese erňegi bar. Çeperçilik  bezegi boýunça jamlar bir-birine meňzeşdir. Jamlaryň daşky diwarlarynda, içi ösümlik nagyşlary bilen doldurylan alty sany  halka deň aralykda  ýerleşdirlipdir. Halkalaryň aralarynda “bagtlylyk, döwletlilik we şöhratlylyk” ýaly hoşniýetli sözler ýazylypdyr. Jamlaryň içki düýbiniň iç tarapyndaky nagyşlar dürli-dürlidir. Käbirleriniň düýbinde çepe tarap barýan adam kelleli ýolbarsyň, adam kelleli guşuň, towşanyň ,keýigiň şekilleri ýerleşdirlipdir.

XII  asyr Seljuklar döwriniň çeper metal eserleriniň arasynda haýwanlaryň şekilleri görnişinde ýasalan önümler has-da köp duş gelýär. Olardan Orjonikidze şäheriniň muzeýinde we Döwlet Ermitražynda ( Russiýa)  saklanylýan,  ysly ot ýakmak üçin  niýetlenen üç sany pişik şekilli  gaby we gölesini emdirip duran sygryň üstüne towsan ýyrtyjynyň- ýolbarsyň şekili görnüşinde ýasalan suw akdyrýan gaby bellemek bolar.[9] Suw akdyrýan gap döwriň sungat eseri hökmünde, taryhy resminama hökminde  uly ähmiýete eýedir. Üç sany haýwan şekilini jemleýän bu  gabyň bir gezekde guýlup ýasalmagy tehnolgiýa babatyndaky uly ösüşdir, öňe gidişlikdir. Ony sygyryň boýnunda ýerleşdirlen ýazgyda hem ýörite belläpdirler. Ýazgyda “Bu sygyr, göle we ýolbars üçiside gudratly we adalatly Allanyň kömegi bilen bir gezekde guýyldy…” diýip ýazylypdyr. Gabyň ýüzini tutup duran iňňän  baý bezeg nagyşlarynyň  ýüzine kümiş çaýylypdyr. Toparyň merkezinde duran sygyryň kelle şekili asuwda ýagdaýda görkezlipdir. Onuň şahlary, sag gulagy we guýrugy döwülip aýrylypdyr. Sygyryň başyna jaňjagaz asylan nogta geýdirlip, onuň iki tarapynda ýüp üçin  halkajyklar edilipdir. Agzynyň  gabadynda suw akar ýaly deşik   goýlupdyr. Sygyryň emip duran gölejigi  edil garnynyň aşak ýanynda ýerleşdirilipdir. Gabyň tutawajy sygyryň üstine towsup, onuň örküjini çeýnäp duran ýolbarys görnişinde ýasalypdyr. Gaby düzýän şekiller örän baý nagyşlar bilen bezelipdir. Sygyryň gapdallary üç sany guşaklyga bölinipdir.  Çep böwriniň  ýokarky guşaklygynda  sazandalar we tansçylar, ikinji guşaklykda  atly adamlar, aşaky guşaklykda  bolsa gaçyp barýan ýabany haýwanlar şekillendirlipdir.

Seljuklar döwrindäki Merw şäheriniň ( Soltangala) Firuzi derwezesinden tapylan, bürünçden ýasalan  oturtma küýze bokurdagy örän täsindir onuň iki tarapy güberçek edilip bejerilen ýolbarsyň şekilleri bilen bezelipdir. Ýolbarsyň birneme kiçeňräk şekili  onuň jüründigini bezeýär Bokurdagyň beýikligi 11 sm, ýokarsynyň diametri 5,2 sm bolup,  ol aşaklygyna kem-kemden daralýar. Şoňa görä-de, ony islendik küýzäniň ýa-da kündigiň agzyna oturtmak mümkin. Tagtabazar  etrabyndan tapylan,  XII asyr bilen  senelenýänşeýle oturtma bokurdaklaryň dört sansy samarkant muzeýinde ( Özbegistan) saklanýar.[10]

Aýşat Laparowa 

Magtymguly adyndaky

Türkmen döwlet uniwersitetiniň

 5-nji ýyl talyby

[1] Массон В.М. Кара-депе у Артыка // Турды  ЮТАКЭ.-Т.Х.-Ашхабад, 1960 Куфтин .Б А. Полевой отчет- общинных оседлоземледельческих поселений эпохи меди и бронзы в 1952 г.// Турды  ЮТАКЭ.-Т.VII.-Ашхабад,1956.C.278-279.- Рис.23-25.

[2] Массон В.М. Алтын-депе // Турды  ЮТАКЭ.-Т.ХVIII.-Л.,1981 табл, ХVII, 1-2 Masson. W.M.  Bürünç zamanynda altyn öküziň obrazy//  Türkmenisranyň ýadygärlikleri.-1975,№ 2.  Sah-20-14

[3]Şol ýerde

[4]Рапопорт Ю.А. Раскопки городища Шах-Сенем  в 1952г.// Тр.  ХФЭЭ, Т. II, с. 414-415. Рис. 14:Пугаченкова Г. А. Искусство  Туркменистана…С.144. илп.122

[5] Brenties.B.Die Döhne Ismaels. R. Islamic Art and Arhitecture. Themes and Hudson.-P.66.

[6]Атагаррыев. Е.Материальная культура Шехр-Ислама- Ашхабад, 1973, С.67

[7]Hojageldiýew A.Hazynalar dil açýar., – Aşgabat,1990,55s.Bürünçden edilen gadymy zatlar.// Türkmenistanyň  ýadygärlikleri. 1972, №1 (15), 26 s.

[8] Hojageldiýew A Hazynalar dil açýar., – Aşgabat,1990,37-38 s Orazow Ö. Gadymy geçmişden.// Türkmenistanyň  ýadygärlikleri. 1969, №2 .(8), 33 s.

[9] Дьяконов М.М. Бронзы водолей 1206 г. н.э. // Иранское искусство и археология.  III международный конгреес. М.,  Л., 1939.С. 46-47, табл.  XXIV-XXV .

[10]Samarkant muzeýiniň toplumy., A-470.KP.3025,kn. 65

Ýene-de okaň

Sport we ýaşlar

Türkmenistan iri halkara nebitgaz forumyna taýýarlanýar

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Teswirle