TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Meta”-dan “Facebook” we “WhatsApp” ulanyjylaryna “açaryňyzy üýtgediň” duýduryşy

Dünýäde iň köp ulanylýan sosial media programmalary bolan “Facebook” we “WhatsApp” -da aldawçylyk hüjümleriniň köpelendigi mälim edildi. Meta kompaniýasy, iki platformadaky ulanyjylaryň hem açarlaryny üýtgetmelidigini, şol bir wagtyň özünde galp giriş sahypasy bilen açar ýaly maglumatlary ogurlamaga gönükdirilen “e-galplyk” hüjüminiň pidasy bolup biljekdigini duýdurýandygyny aýtdy.

Duýduryşda “Facebook” we “WhatsApp” ulanyjylarynyň elektroniki galplyklar köpelenden soň açarlaryny üýtgetmelidigi aýdylýar. “Fishing” kezzapçylygyna garşy hasaplaryny güýçlendirmek üçin dünýäde iň köp ulanylýan iki sahypany çagyrmak bilen bir hatarda, maglumatlarynyň elektron görnüşinde ogurlanyp bilinjekdigi nygtaldy.

“Whatapp”, “Facebook”, “Instagram” we “Facebook Messenger” ýaly “Meta” kompaniýasynyň platforma ulanyjylarynyň hemmesiniň “fishing” kezzaplygyna sezewar bolup bilýändiklerine garamazdan, kompaniýa ulanyjylaryndan maglumat ogurlamak üçin “fishing” aldawyny ulanýan hakerleri suda berdi.

Bu işe ýolbaşçylyk eden “Facebook”-yň ýerine ýetiriji işgäri Jessika Romero: “e-aldawçylyk, millionlarça internet ulanyjylary üçin ägirt uly howpdur. “Fishing” hüjümleriniň esasy pidalary bank, täjirçilik ýa-da başga bir hyzmat ýaly ygtybarly guramanyň dolandyrýan web sahypasyny özüne çekýär. ” –diýip habar berdi.

Romero: “Gaýtadan gönükdirilen web sahypasy kezzap, galp we sahypanyň ýasama mazmuny pidany açar ýa-da e-poçta salgysy ýaly duýgur maglumatlary girizmäge yrmak üçin döredildi. Biz arkadaky adamlaryň şahsyýetini paş etmek, erbet niýetlerini we hüjümlerini bes etdirmek üçin zerur çäreleri ýerine ýetirýäris”-diýdi.

“Meta” kompaniýasy: “E-poçta baglanyşygyna basýan web sahypalaryňyzy ýa-da programmalaryňyzy däl-de, girýän web sahypalaryňyza ýa-da programmalaryňyza giriş maglumatlaryňyzy girizmeli” -diýdi. “Meta” ulanyjylaryň geçen ýylda 39,000-den gowrak galp saýtlara gönükdirilendigini aýtsa-da, Jessika Romero: “Hosting we howpsuzlyk jemgyýetine hyýanatçylykly hadysalary işjeň ýagdaýda blokirleýäris we habar berýäris”-diýdi.

“Samsung S22” fewral aýynda hödürlenjekdigi öňe sürülýär

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle