TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messiniň ykbaly nähili bolduka?

Soňky günlerde futbol dünýäsi Argentinanyň milli ýygyndysynyň hem-de Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň ýyldyz futbolçysy Lionel Messi barada gürrüň etmäge başlady. Messi “Barselona” toparynyň Germaniýanyň “Bawariýa” toparyndan Çempionlar ligasynda 8:2 hasabynda utulmagyndan soňra bu toparda gitjekdigini mälim etdi.

Dünýäniň iň güýçli futbolçysy hasaplanýan Messiniň transferi barada köp sanly makalalar toplumy ýazyldy. Dünýä metbugatynyň sahypalarynda Messiniň Angliýanyň “Mançester Siti”, Fransiýanyň “PSŽ” hem-de Italiýanyň “Inter” toparyna gidip biljekdigi mälim edildi.

Ýöne “Barselona” topary bu transfere başyndan bäri garşy çykdy. Olar transferiň bahasy 700 million ýewro çykardylar. Şondan soňra topar bilen Messiniň arasynda düşünişmezlikler başlady.

Messiniň kakasy hem-de menejeri Horhe Messi “Barselona” toparynyň ýolbaşçysy Žozep Bartomeu bilen gepleşikler geçirdi.

Şondan soňra Messi metbugata beýanat bilen çykyş etdi. Ol “Barselonada” futbol oýnamagy dowam etdirjekdigini belledi. Ol ýene-de bir möwsüm bu toparda çykyş etmegi dowam etdirer.

Messi beýanatynda şeýle diýdi: “Men häzirlikçe galýaryn, sebäbi toparyň ýolbaşçysy maňa gidip biljek ýeke-täk ýolumyň 700 million ýewro möçberiniň tölemek bilen boljakdygyny aýtdy. Bu mümkin däl.”

33 ýaşly Messiniň “Barselona” topary bilen baglaşan şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.

Messi 2003-nji ýyldan bäri bu toparda oýnap gelýär. Topar bilen bilelikde 10 gezek Ispaniýanyň çempiony we dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

 

 

Ýene-de okaň

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler üçin özbaşdak okuw meýilnamasy

Türkmen türgenleri Özbegistandaky çempionata gatnaşar

Teswirle