TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messiniň “Barselona” taryhy tamamlandy

Futbol älemine täze ýyldyzy getiren Ispaniýanyň “Barselona” topary özündäki maliýe kynçylyklary sebäpli düzümindäki dünýäniň iň güýçli futbolçysy hasaplanýan argentinaly Lionel Messini saklap bilmedi. Ahyry, Messi “Barselona” toparyndan gitdi.

MESSI TUTUŞ BIR TARYH

Bu waka sport äleminiň, galyberse-de futbol dünýäsiniň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Leo – tutuş bir taryh. Ol bu toparda 21 ýyl çykyş etdi we 17 möwsüm toparyň ýokary düzüminde wekilçilik etdi. Toparyň düzüminde köp sanly rekordlary goýdy. 35 kubok gazandy. 10 gezek Ispaniýanyň milli futbol çempionatynyň çempiony boldy. Onuň “Barselona” toparyndaky statistikasy hem haýran galdyryjy ýagdaýdadyr, 778 duşuşykda 672 gol geçirdi.

MESSINIŇ “BARSELONA” TOPARYNDAKY TARYHY

  • Messiniň bu topar bilen gol çekişen ilkinji şertnamasy süpürgiç (salfetka) çekildi.
  • 13 ýaşyndaky Argentinanyň Rosario şäherindäki oglanjyk Messi ispan toparynyň wekiliýetinde gowy täsirler galdyrdy.
  • 17 ýylyň dowamynda Messi topary bilen 8 şertnama baglaşdy.
  • 2009-njy ýyla çenli 6 gezek şertnama baglaşyldy. Onuň ilkinjisi 2005-nji ýylda baglaşylypdy.
  • Messi 2003-nji ýylyň noýabrynda bu toparda çykyş edip başlady.
  • 2008-nji ýyldan soňra toparyň esasy futbolçylarynyň birine öwrüldi.
  • Ronaldinio topardan giden soň  Messi toparda 10 belgili köýnekçede çykyş edip başlady.
  • 2019/20 ýylyň möwsüminde Messiniň özi hem topardan gitmek isläpdi.
  • Häzir bu futbolçy bilen Fransiýanyň PSŽ topary gyzyklanýar. Şeýle hem Roman Abramowiçiň ýolbaşçylyk edýän “Çelsi” topary hem gyzyklanma bildirdi.
  • Messiniň şertnamasy 30-nji iýunda tamamlanypdy we ol erkin futbolçy bolup durýar.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi

 

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle