TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messiniň 600-nji goly

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi öz toparynda täze möhüm derejä ýetdi. Ol 10 belgili köýnekçesi bilen toparyň düzüminde 600-nji goluny geçirdi.

Ökde hüjümçi bu goluny Ispaniýanyň çempionatynyň çäklerinde “Barselona” topary bilen “Lewanta” toparynyň arasynda oýnalan duşuşykda geçirdi.

Messi “Barselona” toparynyň düzüminde 2008/09-njy ýylyň möwsüminden bäri 10 belgili köýnekçede çykyş edýär.

Messiniň “Lewanta” toparyna geçiren goly toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk gol boldy. Şeýlelikde, bu möwsümde gowy oýun görkezip bilmedik katalon topary  Ispaniýanyň çempionatynda 17-nji tapgyrdan soňra 17 utuk toplap, 8-nji orunda barýar.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Ronaldo kuboksyz galdy

Messi “PSŽ” toparynda galar

Türkmenistanda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak teklip edildi

Teswirle