SPORT

Messini saklan goragçy

Goçguly Goçgulyýew

Doglan wagty:             26-njy maý, 1977ý.

Çykyş eden klublary: “Köpetdag”, HTTU, “Gara Altyn” – Türkmenistan

“Pahtakor”, “Bunýodkor” – Özbegistan

Kaýrat, Irtyş – Gazagystan

Milli ýygyndy:             Türkmenistan

Futbolçy döwri:           1995 – 2014 ýý.

Tälimçi döwri:             2014 – 2019 ýý.

 

Goçguly Goçgulyyýew türkmen futbolunyň hem futbolçy, hem tälimçi hökmünde aýrylmaz yz goýan türgenleri biridir. Ony başga häsiýetlerinden aýratynlykda “Messini saklan goragçy” diýlip tanaýarlar. Bu ýagdaý ol Özbegistanyň “Bunýodkor” klubynyň düzümindekä “Barselonanyň” stadionynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda bolup geçdi.

Ol Bal­ka­na­bat şä­he­rin­de 1977-nji ýyl­da dün­ýä in­di. Futbola başlaýşy barada özi şeýle gürrüň berýär: “Ýa­dy­ma düş­ýär, bir gün ejem: «Pökgü­den baş­ga za­dy unut­dyň, oku­wy­ňy oka» di­ýip, pök­gimi-de giz­läp­di. Ýö­ne ýü­re­giň bi­len ber­len za­dyň­dan daş­la­şyp bolmaýan eken. 3-nji synpda oka­ýar­kam tür­gen­le­şik­le­ri­ni «Ne­bit­çi» sta­dio­nyn­da ge­çir­ýän Se­ýit­jan Beg­ja­no­wyň şä­girt­le­riniň ara­sy­na go­şul­ma­gym bi­lenem fut­bo­la ymyk­ly be­ril­dim”.

Goçguly ondan soňra öz döw­rü­niň meş­hur futbol­çy­sy An­na­ly Ga­ra­da­no­wyň tä­lim­çi­lik et­me­gin­de Bal­ka­naba­dyň bi­rin­ji li­ga­da çy­kyş eden «Bal­ka­n» toparynda oý­nady. 1995-nji ýyl­da Türk­men döw­let be­denterbiýe we sport institutyna oku­wa gir­ýän­çä şol to­par­da oýnady. Talyplyk ýyllarynda bol­sa oku­wyň da­şyn­dan oý­na­mak üçin şol wagt ýo­ka­ry li­ga­da çy­kyş ed­ýän «Büz­meýin» to­pa­ry­na ça­gyr­yldy. Hut şol to­par­da­ka il­ki ýaş­lar ýy­gyn­dy­my­zyň tä­lim­çi­si Ra­wil Men­ze­le­ýew­den, soň­ra mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň gru­zi­ýa­ly baş tä­lim­çi­si Je­mal Gu­guş­wi­li­den ça­ky­lyk al­dy. Şol wagtlar  milli ýy­gyn­dy­my­zyň ikin­ji tä­lim­çi­sem Täç­my­rat Aga­my­ra­dow­dy. Şo­nuň ça­ky­lygy bi­len Goçguly il­ki paý­tag­ty­myzyň «Dag­da­nyn­da», al­ty aý­dan so­ňam «Kö­pet­dag­da» oý­nap baş­la­pdyr. Ins­ti­tu­ty ta­mam­la­nym­dan soň­ra bir ýa­rym ýyl­lap Wa­tan öňün­dä­ki gul­luk bor­ju­my ber­jaý eden futbolçy  çy­ky­şy­ny ýe­ne-de «Kö­pet­dag­da» do­wam et­dirýär. On­dan soň­ra Ga­za­gysta­nyň Paw­lo­dar şä­he­ri­niň «Ir­tyş» to­pa­ry­nyň ça­ky­ly­gy­ny ka­bul edip doganlyk ýurduna ýola düşýär. 2002-nji ýyl­da bolsa ony Daş­kent şä­he­ri­niň «Pah­tako­ryn­da» baş tä­lim­çi bo­lup iş­le­ýän Täç­my­rat Aga­my­ra­dow öz to­pa­ry­na ça­gyr­ýar. 2005-nji ýy­la çen­li «Pah­takor­da» oý­na­n soň, şol ýy­lam Täç­my­rat Şa­ma­ko­wiç Goçgulyny Ga­za­gys­ta­nyň «Kaý­rat» to­pary­na alyp gidýär. Oýunçy 2007-nji ýyl­da Öz­be­gis­ta­nyň «Bun­ýod­kor» to­pa­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şuldy­. Bu to­par­da 2010-njy ýy­lyň futbol möw­sü­mi ta­mam­lan­ýan­ça çy­kyş edip, legioner soň ata Wa­ta­ny­na do­lan­ýar. 2011-nji ýyl­da ol Bal­ka­na­ba­dyň «Ga­ra Al­tyn» to­pa­ryn­da çykyş edýär. 2012-nji ýyl­dan baş­la­p bolsa paý­tag­ty­myzyň HTTU to­pa­ryn­da il­ki oý­naýan tä­lim­çi, soň­ra ikin­ji tä­lim­çi bo­lup zähmet çekýär. 2013 – 2019-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da bol­sa HTTU, «Al­tyn Asyr» to­par­la­ryn­da, şeý­le-de mil­li ýy­gyn­dy­myz­da ikin­ji tä­lim­çi­niň we­zi­pe­si­ni alyp bar­dy.

Mälim bolşy ýaly Goçguly “Bunýodkorda” çykyş edýärkä oňa tejribeli brazil tälimçiler bilen işleşmek, oýunçylar bilen bolsa bile çykyş etmek nesip edýär. Ýagny, oýun­çy hök­münde dün­ýä­niň çem­pio­ny bo­lan Zi­ko, tä­lim­çi hök­mün­de dün­ýä Ku­bo­gy­na eýe bo­lan Sko­la­ri «Bun­ýod­kor­da» o­ňa ha­ly­paçy­lyk et­di­ler. Bu to­par bi­rin­ji ge­zek hut Zi­ko tä­lim­çi­kä, ýag­ny 2008-nji ýyl­da çem­pion bol­dy. Zi­ko öz­bek çem­pio­na­tyn­da al­ty aý tö­we­re­gi iş­le­di. On­dan soň­ra toparyň başyna Sko­la­ri gel­ýär. Zi­ko Goçgulyny ba­da-bat esa­sy dü­züm­de oý­nadyp baş­la­pdyr. Bu iki tälimçiniň tejribesi babatda aýtmaly bolsa goragçy Sko­la­ri güýç­lüdigni aýdyp bilýär. Müň­ler­çe jan­kö­ýer­ler, baş­ga to­par­la­ryň tä­lim­çi­le­ri hut Sko­la­ri­niň tür­gen­le­şik ge­çi­şi­ni gör­mek üçin ýö­ri­te sta­dio­na ge­ler­ eken­ler.

Goçguly Aziýanyň Çempionlar ligasynda şikes alandan soňra tälimçilige Skolari gelýär. Şo­nuň üçin ol bir­nä­çe aý­lap onuň bi­len iş­le­şip bil­me­ýär. Di­ňe oňat sa­ga­la­nyn­dan soň­ra ony esa­sy dü­zü­me go­şup ug­ra­ýar. Bra­zi­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyndy­sy­nyň oýun­çy­sy, dün­ýä­niň çem­pio­ny Ri­wal­do ha­kyn­da bol­sa, ol: “Riwaldo «Bun­ýod­kora» Zi­ko­da­nam, Sko­la­ri­de­nem öň ge­lip, bu aja­ýyp, döw­rü­niň be­ýik fut­bol­çy­sy bi­len üç ýyl­lap bir to­par­da oý­na­mak bag­ty mi­ýes­ser et­di. Ol – ro­wa­ýa­ty fut­bol­çy.” diýip belleýär.

Şu ýerde Goçgulynyň karýerasynda esasy orun tutýan “Bunýodkorda” wagty “Barselona” bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyny ýatlap geçmegi makul bildim. Sebäbi ol duşuşyk diňe bir goragçynyň futbol ýolunda orny uly bolman, eýsem tutuş Aziýa futboly, türkmen futboly üçinem uzak wagtlyk buýsançly waka bolup durýar.

Ha­wa, 2009-njy ýyl­da bo­lan bu du­şu­şyk di­ňe bir öz­bek däl, bü­tin Azi­ýa fut­bo­ly üçin uly wa­ka bo­lup­dy. Biz şon­da Is­pa­ni­ýa okuw-tür­genle­şik ýyg­na­ny­şy­gy­na gi­dip, 15 gün­läp Bar­se­lo­na şä­he­rin­de hut «Bar­se­lo­na­nyň» ba­za­synda bol­duk. Bu müm­kin­çi­lik iki to­pa­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da­ky yla­la­şyk esa­syn­da dö­räp­di. Dog­ru­sy, Mes­si, Pu­ýol, Eto`o,Ha­wi, An­ri ýa­ly dün­ýä fut­bo­ly­nyň ýyl­dyz­la­ry­nyň gar­şy­sy­na oý­na­mak­ly­gyň özi uly bagt. «Bar­se­lo­na» bi­len «Bunýod­ko­ryň» ara­syn­da­ky oýun ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy bol­sada, iki to­pa­ry­ňam iň güýç­li dü­züm­de äh­li güý­jü­ni or­ta go­ýup oý­nan­dy­gy­ny aý­da­ýyn. Is­pan­lar­dan Pu­ýol, bi­ziň topa­ry­myz­dan Ser­wer Je­pa­row ta­pa­wut­la­nyp, du­şu­şyk 1:1 ha­sa­byn­da deň­me-deň ta­mamlan­dy. Gwar­dio­la­nyň ha­ly­pa­lyk et­me­gin­dä­ki to­pa­ryň Mes­si­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da gu­ral­ýan hü­jüm­le­ri­ni gaý­tar­mak ýe­ňil düş­me­se-de, ar­gen­ti­na­ly ýyl­dyzy ýy­kyp sak­la­mak­da­nam gaýtman, ga­raz, go­rag­çy hök­mün­de şol oýun­da 90 mi­nut­lap men-ä öz bor­ju­my ýe­ri­ne ýe­tir­dim­mikäm diý­ýä­rin” diýip Goçguly guwanç bilen ýatlaýar.

Messini saklan goragçynyň mundan başga-da karýerasynda ýatda galyjy futbol duşuşyklary bolan bolsa gerek. 2010-njy ýyl­da bo­lan dün­ýä çem­piona­ty­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da mil­li ýy­gyn­dy­my­zyň Aş­ga­bat­da Gon­kon­gyň ýy­gyn­dy­sy­nyň gar­şy­sy­na ge­çi­ren oý­ny onuň ykba­lyn­da­ky aý­ra­tyn du­şu­şyk­laryň bi­ri hök­mün­de ýat­la­sa bolar. Se­bä­bi du­şu­şy­gyň öň ýa­nyn­da olara hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan üs­tün­lik ar­zuw edilýär. 3:0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nylandan soň­ra hem ýö­ri­te da­ba­ra ge­çi­ri­lip, şol topara Şa ser­pa­ýy­ny gow­şur­dy­lar. Beý­le wa­ka­lar bolsa ýa­dyň­da ömür­lik gal­ýar. Şeý­le-de, 1998-nji ýyl­da Azi­ýa­nyň Çem­pion­lar li­ga­sy­nyň ýa­rym fi­na­lyn­da «Kö­pet­da­gyň» Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da ýer­li «Al-It­ti­had» to­pa­ry bi­len ge­çi­rlen oý­nu­ny hem bu sanawa goşsa bolar. Se­bä­bi gar­şy­da­şy­my­zyň dü­zü­min­de şol wagt­lar dün­ýäniň iň güýç­li fut­bol­çy­la­ry­nyň bi­ri bo­lan bol­ga­ri­ýa­ly Hris­to Stoiç­kow oý­nap­dy.Ol di­ňe Çem­pion­lar li­ga­sy­nyň aý­gyt­laýjy oýun­la­ry­na gat­naş­dy­ryl­mak üçin «Al-It­ti­ha­da» kä­ren­de­si­ne al­nan eken. Şeý­le güýç­li futbol­çy­nyň gar­şy­sy­na oý­na­mak watandaşymyz üçin diý­seň uly wakady. Şon­da eý­ýäm 2-nji mi­nut­da bi­ziň der­we­zä­mi­ze 11 metr­lik ur­gu­sy bel­le­nip, Stoiç­ko­wyň de­pen pök­gü­si­ni Ýew­ge­niý Naboý­çen­ko gaý­tar­ma­gy ba­şa­rypdy.

Ýurdumyzy özüniň futbol ukyby, tejribesi bilen diňe bir sebit bäsleşiklerinde däl eýsem dünýä derejesinde tanadyp, özüne Messini saklan goragçy diýdiren Goçguly Goçgulyýew häzir Balkanabat şäherinde ýaşaýar. Onuň gysgaça ýaly görünýän, emma tolgunman okap çykanyňda birnäçe buýsandyryjy wakalary öz içine alýan futbol ýoly özünden soňky nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar. Futbol boýunça öz geljek ýolunda  uly maksatlary goýýan ýaş futbolçylar hem şeýle mekdeplerden özlerine gerek sapagy edinip hem tejribe babatda, hemem buýsanç bilen ezber goragçynyň ýoluny yzarlap ondanam ýokarlara galmaga gönükmelidirler.

 

Serdar Muhamow,

sport synçysy

 

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanly samboçy gyzlar dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmen türgenleri 10 aýda 538 medal gazandy

FIFA-nyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekowy gutlady

Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy

Türkmenistanda ilkinji gezek «Aşgabat Open-2024» tennis ýaryşy geçiriler

Ata Watan Eserleri

3 ýaşly hindi küştçi FIDE-niň iň ýaş küştçisi boldy