TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messiden «La Liganyň» täze rekordy

Futbol dünýäsiniň köp sanly rekordlaryny özünde jemleýän Ispaniýanyň «Barselona» toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. Ol şu möwsümiň hem iň köp pökgi geçiren futbolçysy bolup, bu derejä 7-nji gezeke eýe boldy. Şeýlelikde, bu ýagdaý hem «La Liganyň» täze rekordydyr.

Ispaniýanyň çempionaty jemleýji duşuşyklar geçirildi. Çempionatyň tamamlanmagyna bir hepde galan «Real Madrid» topary çempion bolmagy başardy.

Umuman, çempionatyň tamamlanmagy bilen iň köp pökgi geçiren futbolçy mälim edilýär. Ol hem şu möwsümde 25 gezek tapawutlanan Lionel Messi boldy. Onuň iň ýakyn bäsdeşi “Real Madrid” topayrnyň hüjümçisi Karem Benzema bolup, ol hem 21 pökgi geçirdi.

Messi iň köp pökgi geçirýän futbolçylara berilýän “Piçiçi” baýragyny 7-nji gezek gazandy. Ol hem ispan çempionatynyň täze rekordy boldy. Mundan ozal, 1940-1955-nji ýyllarda “Atletik” toparynda çykyş eden Telmo Zarra 6 gezek Ispaniýanyň çempionatynda iň köp pökgi geçiren futbolçy bolupdy.

Şeýle hem “Real Madrid” topaynyň çempionatynda gol pasyny bermekde hem rekord goýup, möwsüm boýunça 21 gol pasyny berdi.

Ispaniýanyň «Barselona» topary çempionatyň iň soňky duşuşygynda “Alawes” toparyny 5:0 hasabynda utdy. Bu duşuşykda hem Messi 2 gezek tapawutlandy.

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle