TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

Fransiýanyň “Pari-San-Žermen” (PSŽ) topary Lionel Messini düzümine goşup, janköýerlerini begendirdi. Argentinaly dünýä belli futbolçynyň “30” belgili futbol köýnekçesiniň 150 müňüsi 7 minutda satyldy. 24 sagatda bu görkeziji 832 müňe ýetdi.

Şeýlelikde, Messiniň köýnekçesi 2018-nji ýylda “Real Madrid” toparyndan “Ýuwentus” toparyna geçen Kristiano Ronaldonyň 24 sagatda satylan 520 müň sany köýnekçesinden köp boldy. Messi bu rekordy hem täzeledi.

Futbol dünýäsiniň naýbaşysy derejesine ýetiren “Barselona” toparyndan gözi ýaşly gitmeli bolan Lionel Messi Fransiýanyň “Pari-San-Žermen” (PSŽ) toparyna geçmegi dünýä jemgyýetçiligine uly seslenme döretdi. Muny futbolçynyň köýnekçelerini satyn almaga bolan gyzyklanmanyň ýokary bilen hem düşündirmek bolar.

Soňky maglumatlara görä, Messiniň köýnekçeleri dükanlarda 165 ýewrodan satyldy. Ikinji derejeli matadan tikilen köýnekçeler bolsa, 115 ýewrodan satuwa çykarylyp, olar hem satyldy.

Şeýle hem şu wagta çenli Messiniň satylan köýnekçeleri öňünden edilen sargytlar hem hasaba alnanda 1 milliona golaýlady.

Messi häzir täze toparynda türgenleşik işlerini geçirýär. Entek ol toparyň esasy düzüminde futbol duşuşygyna çykmady. Messiniň gatnaşmagyndaky duşuşyklara janköýerler uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

 

Halkara okuw: Soraglar we jogaplar

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew rus futbolyna dolanmakçy

Katar-2022: Ronaldo we Neýmar ýaşyl meýdança çykýar

Katar-2022: Ispaniýadan 7:0-lyk uly hasaply ýeňiş

Teswirle