TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi Ronaldodan öňe geçdi

Neşiriň bellemegine görä, Lionel Messiniň gollarynyň sany 672-ä deň boldy. Bu görkeziji boýunça ol Ronaldodna bir gol öňe geçdi.

Şol bir wagtda Messiniň bu görkezijä özüniň “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde çykyş edýän bäsdeşi Ronaldodan 150 duşuşyk az oýnap ýetendigi bellenilip geçilýär.

35 ýaşyndaky Messi Fransiýanyň çempionatynyň 8-nji tapgyrynda “PSŽ” bilen “Lion” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ýeňiş goluny geçirdi. Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlanypdy. Bu gol Messiniň täze möwsümdäki 4-nji goludyr.

Şeýle hem Messi geçen hepde ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. Ol UEFA-nyň Çempionlar ligasynda bassyr 18 möwsümde tapawutlanmagy başaran ilkinji futbolçy boldy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle