SPORT

Messi rekord goýan sport köwşüni muzeýe berdi

 

Ispaniýanyň “Barselona” toparynda çykyş edýän dünýä belli futbolçy Lionel Messi ady rowaýata öwrülen futbolçy hasaplanýan Peleniň rekordyny täzelemekde goşant goşan sport köwşüni Kataloniýanyň muzeýine tabşyrdy.

Messi braziliýaly Peleniň rekordyny täzeläpdi. Häzirki wagtda Messi diňe bir toparyň düzüminde çykyş eden döwründe iň köp pökgi geçiren futbolçy hökmünde rekordy özünde saklaýar. Mundan ozalky rekord Pelä degişlidi. Peleniň 643 goly bardy, Messi ony geçdi.

2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda “Walýadolid” topary bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanan Messi şol duşuşykda geýen sport köwüşni muzeýe tabşyrdy. Bu sport köwşi muzeýde saklanar we köpçülige görkeziler. Soňra auksionda satylar we gazanylan girdeji haýyr-sahawat üçin peýdalanylar.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz düýn Kompýuterlerdäki “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

 

 

Ýene-de okaň

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy

Ronaldo Saud Arabystanyda galyp biler

“Ýuwentus” topary 15-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Waran “Mançester Ýunaýted” toparyndan gidýär

“Mançester Siti” toparynyň çempionlygyna bir duşuşyk galdy

Dünýäniň iň gowy toparlarynyň sanawy düzüldi