SPORT

Messi Peläniň rekordyny gaýtalady

Argentinaly dünýä belli ýyldyz futbolçy Lionel Messi ady rowaýata öwrülen brazil futbolçy Peläniň rekordyny gaýtalady. Messi hem Braziliýanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçylaryndan Peleniň bir toparyň düzüminde çykyş edýän döwründe geçiren gollaryň sanyna ýetdi.

Her iki futbolçynyň oýnan bir toparynda geçiren goly 643-e deňdir. Messi bu üstünlige häzirki wagtda çykyş edýän “Barselona” toparynyň düzümine ýetdi. Argentinanyň milli ýygyndysynyň hem futbolçysy bolan Messi Ispaniýanyň çempionatynyň çäklerinde “Barselona” bilen “Walensiýa” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda tapawutlandy. Duşuşyk 2-2 hasabyna tamamlandy. “Barselona” üçin şowly oýun bolmasa-da, Messi üçin aýratyn ähmiýetli duşuşyk boldy. Ol ýene-de bir üstünligiň hötdesinden geldi. Köp sanly rekordlaryň eýesi bolan Messi redkorlarynyň üstüni ýene-de birisi bilen ýetirdi. Messi ýene-de bir gol geçiren halatynda bu rekordy öz adyna geçirer.

Dünýä belli futbolçy Pele bu üstünlige “Santos” toparynyň düzümine ýetipdi. Messi “Barselona” toparynyň düzüminde 2003-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Pele bolsa, “Santos” toparynyň düzüminde 1956-1974-nji ýyllarda çykyş edipdi.

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

Ronaldo täze rekordyna barýar

Ata Watan Eserleri

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

“Mançester Siti” yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 10-njy çempionlygyny gazandy

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Er-Riýaddaky ýylyň boks tutluşygy: Usik Fýurini ýeňdi

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy