SPORT

Messi Peläniň rekordyny täzeledi

Golaýda argentinaly dünýä belli ýyldyz futbolçy Lionel Messi ady rowaýata öwrülen brazil futbolçy Peläniň rekordyny gaýtalapdy. Bu gezek Messi bu rekordy öz adyna geçirdi. Mundan beýläk, diňe bir toparyň düzüminde iň köp gol geçiren futbolçy Lionel Messi boldy. Onuň gollarynyň sany 644-e deň boldy.

Messi bu üstünlige häzirki wagtda çykyş edýän “Barselona” toparynyň düzümine ýetdi. Argentinanyň milli ýygyndysynyň hem futbolçysy bolan Messi Ispaniýanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde “Barselona” bilen “Walýadolid” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda tapawutlandy. Duşuşyk 3-0 hasabynda “Barselonanyň” peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşyk “Barselona” üçin şowly oýun boldy. Messi üçin aýratyn ähmiýetli duşuşyk boldy. Ol ýene-de bir üstünligiň hötdesinden geldi. Köp sanly rekordlaryň eýesi bolan Messi redkorlarynyň üstüni ýene-de birisi bilen ýetirdi.

Dünýä belli futbolçy Pele  “Santos” toparynyň düzüminde 1956-1974-nji ýyllarda çykyş eden döwründe 643 gol geçiripdi. Messi “Barselona” toparynyň düzüminde 2003-nji ýyldan bäri çykyş edýär.

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Ronaldo täze rekordyna barýar

Ata Watan Eserleri

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

“Mançester Siti” yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 10-njy çempionlygyny gazandy

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Er-Riýaddaky ýylyň boks tutluşygy: Usik Fýurini ýeňdi

“Baýer” topary ýeňilmän çempion boldy