TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi “Laureus” baýragyna mynasyp boldy

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edýän argentin hüjümçi Lionel Messi 2022-nji ýylyň iň gowy türgeni hökmünde “Laureus” baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak “Laureus World Sports Academy” guramasy tarapyndan gowşurylýar.

Messi 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatyna futbol karýerasynda ilkinji gezek çempion hem-de çempionatyň iň gowy futbolçysy boldy.

“Laureus” baýragyna hem Messi bilen bir hatarda onuň topardaşy fransuz hüjümçi Kilian Mbappe hem-de “Formula 1” türgeni Maks Ferstappen dalaşgär boldy. Şeýle hem bu abraýly baýrak üçin şweýsiýaly ýeňil atletikaçi Arman Dýuplantis, ispan tennisçi Rafael Nadal, amerikaly basketbolçy Stefen Karri hem dalaş etdi.

Zenanlaryň arasynda bolsa, iň gowy türgen hökmünde ýamaýkaly ýeňil atletikaçy, 3 gezek Olimpiýa çempiony Şelli-Enn Freýzer-Praýs saýlandy.

Ýylyň öňe saýlanan türgeni hökmünde ispan ýaş tennisçi Karlos Alkaras saýlanyp, ol 2022-nji ýylda ABŞ-nyň açyk çempionatynda ýeňiji bolupdy.

“Laureus” baýragy 1999-njy ýylda birnäçe meşhur işewürlik kompaniýalaryň baş hemaýatkärliginde döredildi. Ilki başda, ýylyň türgenlerini kategoriýalar boýunça sport žurnalistleri saýlaýar. Soňra bolsa, akademiýanyň 50 agzasynyň sesine goýulýar.

Ýene-de okaň

“Bawariýadan” rekord: 11-nji gezek yzly-yzyna çempion boldy

«Arkadag» futbol topary 24 utuk toplady

Türkmenistanyň Aziýa Kubogy-2024-däki garşydaşlary belli boldy

Teswirle