TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi iň köp girdeji gazanan türgen boldy

“Forbes” žurnalynyň habaryna görä, “PSŽ” toparynyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Lionel Messi dünýäde iň köp aýlyk alýan türgenleriň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bu barada neşiriň metbugat gullugy habar berdi.

“Forbes”-iň habaryna görä, 2021-nji ýylyň 1-nji maýyndan 2022-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli Messi 130 million dollar gazandy. Şonuň 75 million dollary aýlyk haky, 55 million dollary hemaýatkärlik we mahabat şertnamalary düzýär. Reýtingde ikinji orny Milli basketbol birleşiginiň (NBA) “Los Anjeles Leýkers” toparynda oýnaýan amerikaly LeBron Jeýms (121,2 million dollar) eýeledi.

Iňlis “Mançester Ýunaýted” klubynyň portugaliýaly futbolçysy Kristiano Ronaldo 115 million dollar bilen ilkinji üçlügi girdi.

Şeýle hem ilkinji onluga “PSŽ” toparynyň braziliýaly futbolçysy Neýmar (95 million dollar), amerikaly basketbolçy Stiwen Karri (92,8 million dollar) we Kewin Durant (92,1 million dollar), şweýsariýaly tennisçi Rožer Federer (90,7 million dollar), meksikaly boksçy Saul Alwarez (90 million dollar), Amerikanyň milli futbol ligasynyň (NFL) oýunçysy Tom Bredi (83,9 million dollar) we grek basketbolçysy Ýannis Adetokunbo (80,9 million dollar) girdi.

Geçen ýyl “Forbes” žurnaly boýunça iň köp girdeji gazanan türgenleriň sanawynda öňdeligi irlandiýaly türgen Konor Makgregor eýeläpdi. Ol hasabat döwründe 180 million dollar gazanypdy.

 

“Aston Willa” Koutinýony satyn aldy

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň ilkinji zenan emini

Saud Arabystany dünýä çempionatyny gurnamakçy

Teswirle