TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi ilkinji üçlükde

Lionel Messi Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 90-njy goluny geçirip, milli ýygyndylaryň düzüminde iň köp gol geçiren 3-nji orny eýeledi.

Argentinanyň ýyldyzy Ýamaýka bilen geçirilen duşuşykda 2 gol geçirip, iň köp gol geçiren portugaliýaly Kristiano Ronaldodan we eýranly Ali Daeiden soňra üçünji orny eýeledi.

Messi Argentinanyň düzüminde 164 duşuşykda oýnap, 90 gol geçirdi. Sanawda üçünji orunda durýan Malaýziýanyň futbolçysy Mohtar Dahariden (89) öňe saýlandy.

Birinji orundaky Ronaldonyň gollarynyň sany 117-ä deňdir. Eýranly futbolçynyň geçiren gollary 109-a barabardyr.

Şeýle hem Messi bassyr 16 gezek bir senenama ýylynda geçiren gollarynyň sanyny 20-ä ýetirdi we bu ugurda Ronaldynyň rekordyna şärik boldy.

2007-nji ýyldan bäri Messi her ýyl azyndan 20 gol geçirip gelýär.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle