TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi gaýdyp gelýär

Dünýäde koronawirus pandemiýasy ýüze çykandan soñ, futbol çempionatlar hem wagtlaýyn arakesme yglan edildi. Indi bolsa şol arakesmelerden soñ futbol älemi täzeden başlaýar. Eýýäm Germaniýanyñ “Bundesliga” çempionaty arakesmeden soñ toparlar çempionaty dowam etdirip başladylar.

Ispaniýanyñ hökümeti hem futbol duşuşyklaryny geçirmäge rugsat berdi. Bu maglumaty mundan öñ “La Liga” çempionaty 11-nji iýunda başlajakdygyny habar berdiler. Indi bolsa Ispaniýanyñ hökümeti tarapyndan resmi ýagaýda yglan edildi. Ispaniýanyñ çempionaty bolsa 11-nji iýunda “Sewilýa-Betis” arasyndaky duşuşygy bilen başlanar.

Ispaniýa çempionatynyñ geçiriljek oýunlarynyñ sanawy:

12-nji iýun:

“Granada-Getafe”

“Walensiýa-Lewante”

13-nji iýun:

“Espanýol-Alawes”

“Selta-Willereal”

“Leganes-Walýodolid”

“Malýorka-Barselona”

14-nji iýun:

“Atletik-Atletiko”

“Real Madrid-Eýbar”

“Real Sosýedad-Osasuna”

Şeýle hem “La Liganyñ” prezidenti Hawýer Tebas Ispaniýanyñ indiki çempionatynyň 12-nji sentýabrda başlanjakdygyny belledi.

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle