TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi galdy, Bartomeu gitdi

“Barselona” toparynyň resmi web sahypasyna görä, toparyň prezidenti Hosep Mariýa Bartomeu we toparyň ýolbaşçylar geňeşiniň agzalary işinden çekilýändikleri barada habar berdiler. Düýnki geçirilen press-konferensiýada Bartomeu işinden çekilmejekdigini mälim edipdi. Emma bu günki ýolbaşçylarynyň ýygnagyndan soňra Bartomeu: “Işden çekilýändigimi we beýleki geňeş agzalarynyň işinden aýrylandygyny habar bermek isleýärin. Bu ähli işgärlerim tarapyndan makullanan oýlanyşykly, bilelikdäki we asuda kabul edilen karar” diýip belläp geçýär. Mundan ozal topar agzalarynyň Bartomeuda ynamsyzlyk sesini bermek üçin 20 müňden gowrak gol ýygnandygy, şolardan 18 müňden gowragynyň ykrar edilendigi habar berildi. Bartomeunyň gitmeginiň sebäbi soňky ýyllarda alyp barýan işleri üçin yzygiderli tankyt edilýärdi. Hat-da tomusda toparyndan aýrylmak islän “Barselona” toparynyň kapitany, ýyldyz futbolçy Lionel Messi, Bartomeunyň toparda alyp barýan işleri barada birnäçe gezek nägilelik hem bildiripdi. 57 ýaşly Bartomeu 2014-nji ýyldan bäri Barselonanyň prezidenti bolup işläp geldi. Bartomeu döwründe “Barselona” topary 4 gezek Ispaniýanyň çempiony, ýurduň naýbaşy kubogyny, Çempionlar ligasyny, UEFA Superkubogyny we toparlaýyn dünýä çempionatlarynda ýeňiji bolmagy başardylar. Mundan başga-da bu prezidentiň döwründe sportuň toparlaýyn oýnalýan  görnüşlerinde (basketbol, futzal) beýik netijeleri hem gazandyrdy. “Barselona” toparynyň täze prezidentiniň saýlanmagy 40-90 gün aralygynda geçiriler diýip, Mundo Deportiwo habar berýär.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

 

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle