TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi: “Barselona” meniň durmuşym

Dünýä belli we şol sanda futbolyň Şasy hasaplanylýan argentinaly Lionel Messi tomusdan bäri daşyny gurşap alýan soraglaryň ählisine jogap berdi. Has takyk aýdanymyzda bolsa, argentinaly ýyldyz Ispaniýanyň “La Sexta” teleýaýlymynda özüniň karýerasy we şahsy durmuşy barada söhbetdeşlik geçirdi.

Messi özüniň söhbetdeşliginde topar hakda şeýle pikirlerini aýdyp geçdi:

“Men hemişe “Barselona” meniň durmuşym diýip, aýdyp geçýärin. Men bärde 13 ýyldan bäri ýaşaýaryn. Men bu topardan köp zat öwrendim. Maňa bu topar köp zat berdi we men topar üçin ähli zada taýýardyryn” diýip belleýär. Şeýle hem Messi özüniň şahsy durmuşy örän iç gysgynçdygyny belläp geçdi.

Şeýle hem Messi tomusda geçirilen Çempionlar ligasyndaky 2:8 ýeňlişini şeýle nygtap geçýär:

“Bu duşuşyk toparymyzyň ähli oýunçylary üçin örän agyr geçdi. Her toparyň oýunçylary bu waka bilen gabatlaşyp bilerler. Her oýunçy ýeňlişe sezewar bolup görendir, ýöne muny dürs kabul edip, ýoluňy dowam etdirmelidir” diýip belleýär.

Mundan başga-da birnäçe “Altyn top” baýragyň eýesi, toparyň öňki prezidenti Bartomeu bilen düşünişmezligi hakda hem belläp geçdi:

“Men ýarym ýyldan bäri topardan aýrylmak isleýändigimi duýdurýardym, emma ol maňa hemişe ýok diýip jogap berýärdi. Biziň aramyzda bolup geçen duşuşyklar hakda adamlara mälim edesim gelenok, ýöne ol meni köp wagtlap aldadyp gezdi” diýip, nygtap geçdi. Indi bolsa toparyň prezidentlik saýlawy ýanwar aýynda geçer, ýöne Messi bu saýlawa gatnaşmajakdygyny aýtdy.

Luis Suarez barada:

Messini ýene-de bir gynandyran zatlaryň biri, ol hem dosty Luis Suareziň topardan aýrylmagydyr. Luis Suarezi örän arzan bahadan transfer edenliklerine nägilelik bildiren Messi topar onuň bilen mynasyp hoşlaşmadygyny hem ýatlatdy. Sebäbi topar üçin Suarez her oýunda elinden gelen mümkinçiligini meýdançada görkezýärdi diýip, belleýär. “MSN” hüjümçileri diýip at alan oýunçylar meýdançada bile oýnap bilmezler, emma öz aralarynda ýakyn aragatnaşyk saklaýandyklaryny belledi.

Maradona hakda öz duýgularyny saklap bilmedi:

“Men edil şol wagtlar öýdedim. Maradonanyň aradan çykandygy barada maňa kakam aýtdy. Soňra habarlary diňlänimde çyndanam şeýle bolandygyna ýürekden gynandym. Ýöne soňky wagtlarda Maradonanyň ýarawsyzdygyny bilýärdim, emma beýle bolar öýdüp, hiç kim pikir edip bilmezdi” diýip, hüjümçi gynanjyny bildirýär. Soňra bolsa Leo çempionatda geçiren nobatdaky duşuşygynda gol geçirip, bir döwürlerde Maradonanyň “Nýuels Old Boýs” toparynda geýen eşigini görkezip, oňa hormat etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hüjümçä, onuň üçin iň gowy tälimçileriň atlaryny soradylar. Ol hem öz gezeginde Pep Gwardiola we Luis Enrike diýip jogap berdi we ikisine hem şeýle syn berdi.

“Pep Gwardiola örän täsin bir tälimçi. Meýdançanyň islendik künjeginden oýuna täsirli garaýar. Men bular ýaly tälimçiler bilen işleşenime örän şat. Ikisiniň tälim bermeginde futbol dünýäsine başgaça garap başladym” diýip mälim etdi. Häzirki wagtda Messi, Gwardiola bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar we olar “Mançester Siti” toparyna transferi amala aşyrmakda däl-de, futbol hakda gürleşýärler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Messi tomusa çenli transfer hakda pikir etmejekdigini aýdyp geçdi. Şeýle hem başga futbol çempionatlarda çykyş etmek isleýändigini aýdyp, bularyň biri hem MLS çempionatydyr diýdi. Futbol karýerasyny tamamlandan soňra tälimçilik wezipesinde görmeýändigini aýtdy, ýöne “Barselona” toparynyň sport direktory bolmak isleýändigini buýsanç bilen belledi.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle