TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messi 100 ýaşly janköýeri gutlady

Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi 11-nji iýul güni 100 ýaşyny dolduran janköýeri Ernan Mastrangelo wideogutlag ugratdy.

Eýsem, Messi ony nähili tanady? Aslynda, bir asyry arka atan ýaşulynyň meşhurlyk gazanmagyna agtygy sebäpkär. Ol jemgyýetçilik torlarynda garry atasynyň Lionel Messiniň «Barselonada» oýnap başlan gününden bäri ähli geçiren pökgülerini depdere bellik edýändigini paýlaşdy.

Iberen wideohabarynda Leo janköýerine özüne şeýle hormat goýýandygy üçin hoşallyk bildirdi. Wideogutlaga tomaşa eden Ernan bolsa Messä: «Men hemişe saňa janköýerlik ederin. Ahyryna çenli seniň bilen» diýdi.

Onuň 100 ýaşyny dolduran gününde Messiniň Argentinanyň milli ýygyndysynyň hatarynda Amerika kubogyny gazanandygyny ýatladýarys.

16-njy iýuldaky howa maglumaty

 

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle