TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Messä göz öňüne getirip bolmajak teklip

Saud Arabystanynyň “Al Hilal” topary argentin ýyldyzy Lionel Messä göz öňüne getirip bolmajak teklip etdi. Oňa ýyllyk 400 million ýewrolyk şertnama hödürlendi.

Häzirki wagtda Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edýän Lionel Messiniň bu toparda glyp-galmajakdygy näbelli. Şu möwsümiň ahyrynda onuň şertnamasynyň möhleti tamamlanýar.

Sport neşirleriniň habaryna görä, Messiniň fransuz toparynyň düzüminden gitmegine garaşylýar. “Al-Hilal” topary bolsa, oňa ýyllyk 400 million dollarlyk resmi teklip etdi. Ýöne Messiniň karýerasyny Ýewropada dowam etdirmek isleýändigi aýdylýar.

Saud Arabystanynyň hökümeti Lionel Messiniň saud toparyna gelmegine gyzyklanma bildirýär. Dünýäniň iň güýçli 2 futbolçysy Lionel Messiniň hem-de häzirki wagtda “Al-Nasr” toparynda çykyş edýän Kristiano Ronaldonyň Saud Arabystanyda çykyş etmegi ýurda syýahatçy akymynyň gelmegine hem-de Saud Arabystanynyň Müsür we Gresiýa bilen 2030-njy ýylda bilelikde dünýä çempionatynyň geçirilmegine goşant goşup biler.

7 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi bolan Messi 2021-nji ýylyň tomsundan bäri “PSŽ” toparynda çykyş edýär.

“Al-Hilal” topary Saud Arabystanyň iň güýçli toparlarynyň biridir. 18 gezek çempion bolan bu topar häzirki möwsümde 20 duşuşykda 42 utuk jemläp, 4-nji orunda barýar.

Ýene-de okaň

“Bawariýadan” rekord: 11-nji gezek yzly-yzyna çempion boldy

«Arkadag» futbol topary 24 utuk toplady

Türkmenistanyň Aziýa Kubogy-2024-däki garşydaşlary belli boldy

Teswirle