TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Meşhur şahsyýetler zenanlar toparyny döredýär

Tennis sportunyň meşhur ýyldyzy, köp gezek çempion bolan Serena Wilýams, “Reddit” kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan, Serena Wilýamsyň ýanýoldaşy Aleks Ohanian we Oskar baýragynyň eýesi kinoaktrisa Natalia Portman Los-Anželez şäherinde zenanlaryň futbol toparyny döretmegi meýilleşdirýär.

Serena Wilýams hem-de Aleks Ohianianyň 2 ýaşyndaky gyzy Aleksis Olimpia Ohianian JR hem  bu toparyň maýadarlarynyň biri boldy. Şeýlelikde, ol topary bolan iň ýaş adam derejesine eýe boldy.

Meşhur şahsyýetler Amerikanyň futbolyna täze topar goşmagy meýilleşdirýärler. Natalia Portmanyň ýolbaşçylygynda bu toparyň döredilmegi babatda ähli resminamalar düzedilip, “Angel City” atly toparyň 2022-nji ýylda Milli zenanlar futbol ligasynda (NWSL) çykyş edip başlar. Bu toparyň liganyň 11-nji topary bolar.

2012-nji ýylda döredilen Milli zenanlar futbol ligasy indi-indi meşhurlyk gazanyp başlady. Liga duşuşyklara gyzyklanmany artdyrmak üçin birnäçe şertnamalara gol çekişdi.

Ýene-de okaň

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

55 ýaşynda futbol oýnamagy dowam edýär

Ata Watan Eserleri

Futbol boýunça Aziýanyň kubogy Saud Arabystanyda geçiriler

Teswirle