TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol Angliýanyň Çempionşip çempionatynda çykyş edýän “Derbi Kaunti” toparynyň tälimçiligine bellendi.

Ol 2020-nji ýylyň ýanwarynda bu topara futbolçy hökmünde gelipdi. Geçen ýylyň noýabrynda toparyň tälimçisi Fillip Kokunyň wezipesinden gitmegi bilen Runi baş tälimçiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellendi. Şeýlelikde, ol 2023-nji ýylyň tomsuna çenli bu topar bilen resmi ylalaşyk gazandy.

– Braýan Klaf, Jim Smit, Frenk Lempard we Fillip Koku ýaly adamlaryň oruntutary bolmak uly abraýdyr. Klub bilen gatnaşanlaryň hemmesine, ähli janköýerlerimize, kärdeşlerimize we özüme, bu meşhur futbol klubynda soňky 12 aýda gören mümkinçiliklerimden has köp peýdalanjakdygymyza söz berip bilerin – diýip, Runi belledi.

Bu futbolçy Angliýanyň milli çempionatyndaky “Ewerton” toparynda 2002-nji ýylda futbol oýnamaga başlady. Onuň iň köp abraý gazanan döwri “Mançester Ýunaýted” topary boldy. Bu ýerde 13 ýyl oýnady. 393 duşuşykda 183 gezek tapawutlandy. Soňra täzeden “Ewerton” toparynda geldi. 2018-2020-nji ýyllarda Amerikanyň “Di Si Ýunaýted” toparynda çykyş etdi. Onuň karýerasyndaky ahyrky topary “Derbi Kaunti” boldy.

15 ýylyň dowamynda 2003-2018-nji ýyllarda Runi Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem öňdebaryjy oýunçylarynyň biri boldy. 120 duşuşykda 53 gezek tapawutlandy. Angliýanyň milli ýygyndysynyň iň netijeli futbolçysy boldy. Bir döwürler Angliýanyň belli futbolçylary Bobbi Çarltondan we Gari Linekerden öňe saýlandy, ady rowaýata öwrülen futbolçylar milli ýygyndyda oýnan döwründe degişlilikde 49 we 48 gezek tapawutlanypdy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

Futbol transfer bazarynyň bahasy 6,6 milliard dollar

Ronaldo kuboksyz galdy

Messi “PSŽ” toparynda galar

Teswirle