Meşhur fransuz tagamy ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlenilýär

Baget çörekleri Eýfel diňinden soňra Fransiýanyň iň meşhur aýratynlyklarynyň biri bolsa gerek. Pandemiýa döwründe adamlar örän köp zatdan ýüz öwürdiler, ýöne olar bu meşhur tagamdan ýüz öwürmek barada birjik-de pikirlenenoklar.

Şonuň üçin Fransiýanyň hökümeti bu tagamy dünýä gymmatlygyna öwürmegiň tarapdary. Şu sebäp bilen hem ol ýurduň Medeniýet ministrligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni miras sanawyna hödürlenilýär.

Häzir Fransiýada bu meşhur tagamy bişirmek üçin her gün 33 müň adam irden oýanýar. Fransuzlar her gün 6 million çemesi baget çöregini satyn alýarlar.

Bu çöregi taýýarlamak üçin undan başga-da, suw, duz we hamyr turşusy zerur. Çörek üçin ýasalan hamyryň 20 sagada çenli goýulmagy hem esasy şertleriň biridir.

 

Okap bilersiňiz  Türkmenlerde Çaga Bezegleri

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.