TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Meşhur boks ýyldyzlarynyň tutluşygy

Boks sportunyñ ozalky çempionlary Maýk Taýson bilen Roý Jonsuň arasynda 2020-nji ýylda tutluşyk geçirmek barada gepleşikler alnyp barylýar, diýip “TASS” habarlar gullugy habar berýär. Bu çempionlaryñ arasyndaky duşuşyk şu ýylyñ sentýabr aýynda ABŞ-da geçirilip bilner. Tutluşyk  sekiz raundan ybarat bolar. Aprel aýynda Maýk Taýson ringe gaýdyp geljekdigini hem belläpdi.

54 ýaşly Taýsonyñ hasabynda 50 ýeñiş (44 nokaut) bolup, ol 6 gezek ýeñlişe sezewar bolupdy. Taýson soñky tutluşygyny 2005-nji ýylyñ 11-nji iýun aýynda geçiripdi.

50 ýaşly Roý Jons öz boks ýoluny 2018-nji ýylda tamamlapdy we onuñ hasabynda bolsa 66 ýeñiş (47nokaut) bolup, ol hem 9 gezek ýeñlişe sezewar bolupdy.

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew rus futbolyna dolanmakçy

Katar-2022: Ronaldo we Neýmar ýaşyl meýdança çykýar

Katar-2022: Ispaniýadan 7:0-lyk uly hasaply ýeňiş

Teswirle