Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmek boýunça GDA-nyň toparynyň ýolbaşçysy hökmünde Aşgabada gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.
Myhman hem-de wekilçilikli toparyň agzalary tamamlaýjy tapgyra gadam basan möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň çäklerinde merkezi saýlaw topary tarapyndan ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy. GDA-nyň synçylar toparynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Toparyň düzüminde Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentarileri, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri bar.
GDA-nyň synçylary saýlawlara syn etmek bilen, eýýäm birnäçe duşuşyklary, şol sanda merkezi saýlaw toparynyň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Şeýle hem käbir welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki uçastok saýlaw toparlarynyň işi bilen tanyşdylar. Saýlaw güni olar ses bermek we sesleri sanamak işine syn etmek üçin saýlaw uçastoklaryna baryp görmegi meýilleşdirýärler.
Synçylar üçin baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. Welaýatlarda bolmagyň çäklerinde olar tebigy gözellikler we taryhy-medeni ýadygärlikler bilen tanyşýarlar.
S.Lebedew saýlaw möwsüminiň açyk bäsdeşlik esasynda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýändigini aýdyp, GDA-nyň synçylar toparynyň özüniň gutarnykly netijelerini saýlawlara syn etmegiň netijeleri boýunça jemleýji resminamada beýan etjekdigini belledi.